

«Türkmenpoçta»-dan ýükleri ibermek we almak boýunça hyzmatlar: çalt we ygtybarly
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň raýatlaryna ýükleri ibermek we almak boýunça hyzmatlary barada ýatladýar.


«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň raýatlaryna ýükleri ibermek we almak boýunça hyzmatlary barada ýatladýar.


Kataryň milli awiakompaniýasy «Qatar Airways» dünýäniň iň gowy awiakompaniýasy diýlip yglan edildi. Kataryň awiagatnadyjysy eýýäm sekizinji gezek «Ýylyň awiakompaniýasy» diýlip yglan edildi, bu bolsa onuň ýolagçylara hödürleýän hyzmatynyň ýokary hiliniň ykrarnamasydyr.


2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy OPEK-iň Halkara ösüş gaznasy tarapyndan Awstriýanyň Wena şäherinde guralan üçünji Ösüş forumyna gatnaşdy.


2024-nji ýylyň 26-njy iýunynda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ-niň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynyň dowamynda Şanhaý şäherinde «COSCO SHIPPING GROUP» hytaý kompaniýasy bilen duşuşyk gurnaldy.


Penşenbe güni, 27-nji iýunda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ýeňil senagat önümleri we «TPP D 30 S» kysymly polipropilen ýerlenildi.


Türkmenistanyň milli senenamasynda orun alan Medeniýet we sungat işgärleriniň güni, hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli 2024-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy tarapyndan Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheriniň merkezinde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi.


“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde gämiçilik ulgamynda özbaşdak bilermenler toparynyň duşuşygyna gatnaşdy.


Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri 26-30-njy iýunda Urumçi şäherinde geçýän “Hytaý-Ýewraziýa EKSPO” halkara sergisine gatnaşýar.


2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Wizbaden şäherinde Hesseniň mejlisiniň başlygy Astrid Wahlmanyň we bu federal ýeriň premýer-ministri Boris Reýniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Germaniýadaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsuly Myrat Özbekbaýew Hessende akkreditlenen konsullyk edaralaryň ýolbaşçylarynyň tomusky kabul edişligine gatnaşdy


Penşenbe güni Hytaýyň demirgazygyndaky Týanszin şäherinde intellektual tehnologiýalar pudagyndaky iň iri halkara çäreleriniň biri bolan Bütindünýä intellektual EKSPO açyldy. Bu barada Sinhua agentligi habar berýär.


Daşkentde «Merkezi Aziýada arassa howa bilen geljegi gurmak» şygary astynda ilkinji ýokary derejeli syýasy sebitleýin dialog geçirildi. Bu barada UzDaily.uz portaly habar berýär.


Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Türkmenistanyň gümrük kanunçlygyna girizilen täze kadalar bilen tanyşdyrmak boýunça duşuşyk geçirildi.


25-nji iýunda, sişenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda dokma we nebithimiýa senagatynyň we gurluşyk serişdeleri ýerlenildi.


Soňky birnäçe ýylda Türkmenistan we Özbegistan söwda we ykdysady gatnaşyklarda täsirli ösüşleri görkezdi. Ikitaraplaýyn söwdanyň görkezijisi 2017-nji ýyldan bäri takmynan alty esse ösüp, 2023-nji ýylda 1 milliard dollardan geçip, täze belentlige ýetdi.


Sişenbe güni Aşgabat golf klubynda Türkmenistanda akkreditlenen ilçihanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, işjeň durmuş ýörelgesini söýýänler, eýýäm oýun tejribesini gazanan golf türgenleri we indi bu sport bilen meşgullanmagy meýilleşdirýänler gatnaşdy. Bu planetamyzyň dürli ýerlerinde ýeterlik meşhur bolan sport.