HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanda howanyň hapalanmagyna garşy göreşmek boýunça ilkinji syýasy sebitleýin dialog geçirildi

Iýun 27, 2024 | 09:57 |9634
Daşkentde «Merkezi Aziýada arassa howa bilen geljegi gurmak» şygary astynda ilkinji ýokary derejeli syýasy sebitleýin dialog geçirildi. Bu barada UzDaily.uz portaly habar berýär.Daşkentde «Merkezi Aziýada arassa howa bilen geljegi gurmak» şygary astynda ilkinji ýokary derejeli syýasy sebitleýin dialog geçirildi. Bu barada UzDaily.uz portaly habar berýär.
Çeşme: uzdaily.uz

Daşkentde «Merkezi Aziýada arassa howa bilen geljegi gurmak» şygary astynda ilkinji ýokary derejeli syýasy sebitleýin dialog geçirildi. Bu barada UzDaily.uz portaly habar berýär.

Çärä Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Aziýadan we Ýewropadan howanyň hilini dolandyrmak boýunça öňdebaryjy hünärmenler gatnaşdylar.

Dialog Özbegistanyň Ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi boýunça ministrligi tarapyndan Bütindünýä bankynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky Gurşaw Maksatnamasynyň (UNEP) goldawy bilen sebitdäki ýurtlarynyň utgaşdyrylan çärelerine we howanyň hapalanmagynyň öňüni almakda bilim alyşmaga ýardam bermek maksady bilen guraldy.

Oňa gatnaşyjylar howanyň hapalanmagynyň netijeleri barada maglumat alyşmagyň usulyýeti bilen tanyşdylar we howanyň hilini dolandyrmak pudagynda sebitleýin hyzmatdaşlygy çaltlaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Dialoga gatnaşýan ýurtlaryň wekilleri öz hökümetleriniň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we howanyň hilini ýokarlandyrmak üçin degişli hökümet çärelerini işläp düzmek baradaky berk tutanýerliligini tassykladylar.

Bütindünýä bankynyň daşky gurşaw we tebigy baýlyklar boýunça global müdiri Waleri Hiki howanyň hilini dolandyrmagyň howanyň hapalanmagynyň çeşmelerine düşünmegi we degişli çäreleri işläp düzmegi talap edýän çylşyrymly prosesdigini aýtdy. Bu çäreler has anyk maglumatlary, täsirli kanunçylygy, goňşy ýurtlaryň, güýçli döwlet edaralarynyň we ösen daşky gurşaw infrastrukturasynyň arasyndaky sazlaşykly düzgünleri talap edýär.

«Bilelikde işlemek arkaly Merkezi Aziýa ýurtlary sebitdäki howany has arassa edip biler!» diýip, ol belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026