HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda gümrük kanunçylygyna girizilen täze kadalar bilen tanyşdyryldy

Iýun 27, 2024 | 09:45 |9207
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Türkmenistanyň gümrük kanunçlygyna girizilen täze kadalar bilen tanyşdyrmak boýunça duşuşyk geçirildi.Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Türkmenistanyň gümrük kanunçlygyna girizilen täze kadalar bilen tanyşdyrmak boýunça duşuşyk geçirildi.
Çeşme: customs.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Türkmenistanyň gümrük kanunçlygyna girizilen täze kadalar bilen tanyşdyrmak boýunça duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga «Türkmendeňizýollary», «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary», «Türkmenistanyň ulag logistika merkezi» APJ, Awtoulag bilen ýük daşaýjylaryň Halkara Assossiýasiýasynyň wekilleri, şeýle hem logistika kompaniýalaryň işgärleri hem-de gümrük brokerleri gatnaşdylar.

Gümrük kanunçylygyna girizilen täzeçillikler Ygtyýarly ykdysady operator hukuk derejesini almagyň tertibi bilen baglanyşyklydyr.

Ygtyýarly ykdysady operatorlaryň sanawyna ýuridiki şahslary girizmegiň ýa-da çykarmagyň tertibi, şeýle hem olaryň bellige alnandygy baradaky şahadatnamany bermegiň, hereketlerini duruzmagyň ýa-da gaýtdan dikeltmegiň düzgünleri şu ýylyň mart aýynda tassyklandy.

Şeýle hem gatnaşyjylar Türkmenistanyň çägine getirilýän harytlar baradaky deslapky maglumatlar bilen baglanyşykly kadalar bilen tanyşdyryldy. Bu kadalar 2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda güýje girdi. Şeýlelikde, ýük daşaýjylar harytlar baradaky maglumaty bu harytlar Türkmenistanyň çägine girmänkä berip bilerler. Deslapky maglumatlar türkmen, rus ýa-da iňls dilinde «ASYCUDA World» gümrük maglumat ulgamy ýa-da TIR-EPD ulgamlary arkaly berlip bilner.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026