HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti gämiçilik ulgamynda özbaşdak bilermenler toparynyň duşuşygyna gatnaşdy

Iýun 28, 2024 | 09:25 |8002
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde gämiçilik ulgamynda özbaşdak bilermenler toparynyň duşuşygyna gatnaşdy.“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde gämiçilik ulgamynda özbaşdak bilermenler toparynyň duşuşygyna gatnaşdy.
Çeşme: tmrl.gov.tm

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde gämiçilik ulgamynda özbaşdak bilermenler toparynyň duşuşygyna gatnaşdy.

Duşuşykda öňdebaryjy tejribe paýlaşyldy we özbaşdak gämiçiligi ösdürmek ulgamyndaky möhüm meselelere ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem bu ugurda sebit taslamasyny durmuşa geçirmegiň mümkinçiligine seredildi.

Gämileriň gurluşygynda täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň öňüni almak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi.

Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar Pattaýanyň portlarynyň terminallary bilen tanyşdylar. Hususan-da, Pattaýanyň 25 kilometr demirgazygynda ýerleşýän we dünýäniň iň iri 25 deňiz portunyň hataryna girýän «LaemChabang» portuna baryp gördüler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026