HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Türkmenpoçta»-dan ýükleri ibermek we almak boýunça hyzmatlar: çalt we ygtybarly

Iýun 28, 2024 | 11:45 |8214
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň raýatlaryna ýükleri ibermek we almak boýunça hyzmatlary barada ýatladýar.«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň raýatlaryna ýükleri ibermek we almak boýunça hyzmatlary barada ýatladýar.
Çeşme: accordpost.ru

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň raýatlaryna ýükleri ibermek we almak boýunça hyzmatlary barada ýatladýar.

Hyzmatdan ýuridiki şahslar hem, aýry-aýry fiziki şahslar hem peýdalanyp bilerler.

Ýurduň ähli demirýol menzillerinde işleýän kompaniýanyň ýük bölümleriniň birine ýüz tutmak ýeterlikdir, ýük möçberine we ululygyna garamazdan, Türkmenistanyň islendik nokadyna eltilip berler.

Müşderi ýükleri demirýol menziline özi eltip biler ýa-da munuň üçin çapar çagyryp biler.

Iberilmezden ozal ýüküň agramy «akylly» terezide çekilýär. Operator ýüküň gowşurylmaly nokady we göwrümi barada maglumatlary kompýutere girizýär. Ondan soň ulgam tölegiň mukdaryny awtomatiki usulda hasaplaýar.

Girizilen maglumatlary we hasaplamalary «Türkmenpoçtanyň» bitewi sanly platformasynda yzarlamak mümkindir. Bu özi amallaryň aç-açanlygyny üpjün etmek we müşderiniň kärhananyň işine bolan ynamyny berkitmek maksady bilen edildi.

«Türkmenpoçta» kompaniýasy iberilen goşlaryň we ýollamalaryň öz wagtynda barmagyny hem-de howpsuzlygyny kepillendirýär. Ýük wagonlary her gün ýurduň ähli sebitlerine eltip bermek hyzmatyny ýerine ýetirýär.

Müşderiniň islegine görä, çaparlaryň özleri ýük bölüminden ýüki alyp bilerler. Ýükleri ibermek we almak boýunça hyzmatlardan peýdalanmak üçin pasport ýa-da alyjynyň şahsyýetini kesgitleýän başga resminama görkezilmelidir.

Has anyk maglumat almak üçin: (+993 12) 94-20-34 belgä ýüz tutup ýa-da 075 gysga belgä jaň edip bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026