Habarlar

Bişkek Türkmenistanyň we Hazar deňziniň üsti bilen Russiýa Federasiýasyna ýük daşamak ugrunyň ýola goýulmagyna garaşýarBişkek Türkmenistanyň we Hazar deňziniň üsti bilen Russiýa Federasiýasyna ýük daşamak ugrunyň ýola goýulmagyna garaşýar

Bişkek Türkmenistanyň we Hazar deňziniň üsti bilen Russiýa Federasiýasyna ýük daşamak ugrunyň ýola goýulmagyna garaşýar

Bişkekde ýakyn geljekde Hazar deňziniň üsti bilen Russiýa ýük daşamak boýunça täze ulag ugrunyň açylmagyna garaşýarlar. Bu barada Krasnoýarskda geçen hyzmatdaşlyk boýunça Russiýa-Gyrgyzystan hökümetara toparynyň 11-nji mejlisinde Gyrgyzystanyň ministrler kabinetiniň başlygy Aklybek Žaparow aýtdy diýip ТАСС habar berýär.

ÝUNISEF Türkmenistanda mugallymlaryň we çagalaryň psihiki saglygyny goldamak üçin ählumumy okuw geçirýärÝUNISEF Türkmenistanda mugallymlaryň we çagalaryň psihiki saglygyny goldamak üçin ählumumy okuw geçirýär

ÝUNISEF Türkmenistanda mugallymlaryň we çagalaryň psihiki saglygyny goldamak üçin ählumumy okuw geçirýär

ÝUNISEF tarapyndan başlanan alty hepdelik «Psihiki saglyk we kyn ýagdaýdaky mugallymlar hem-de çagalar üçin we psihososial goldaw (PSPSG)» atly intensiw we ählumumy okuw tamamlanýar. Professional goldawa bolan islegiň artmagy bilen baglylykda, bu okuw dürli pudaklarda işleýän işgärlere çagalara we terbiýeçilere psihiki saglyk we abadançylyk goldawyny bermäge, şol sanda gender zorluklary bolan ýagdaýynda hem bu goldawy bermäge mümkinçilik döredýär.

Seçenow uniwersitetinde GDA ýurtlary üçin epidemiologiýa we suw üpjünçiliginiň gigiýenasy boýunça okuw kitaplary taýýarlanylarSeçenow uniwersitetinde GDA ýurtlary üçin epidemiologiýa we suw üpjünçiliginiň gigiýenasy boýunça okuw kitaplary taýýarlanylar

Seçenow uniwersitetinde GDA ýurtlary üçin epidemiologiýa we suw üpjünçiliginiň gigiýenasy boýunça okuw kitaplary taýýarlanylar

I.M. Seçenow adyndaky Birinji Moskwa döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň alymlary tarapyndan taýýarlanylan epidemiologiýa we suw üpjünçiliniň gigiýenasy boýunça okuw kitaplary GDA ýurtlarynda tanyşdyrylar. Bu barada teklip Duşenbe şäherinde geçirilen “Durnukly ösüş üçin suw” ýokary derejeli Üçünji halkara maslahatynda beýan edildi.