HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Google» 2030-njy ýyla çenli nol zyňyndylar üçin uglerod-bitarap statusyndan ýüz öwürdi

Iýul 10, 2024 | 10:10 |9815
«Google» kompaniýasy kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň öwezini dolmak üçin köp mukdarda uglerod karzlaryny satyn almagy bes etdi we 2007-nji ýyldan bäri öňe sürýän uglerod-bitarap statusyndan ýüz öwürdi. Bu barada «Bloomberg» habarlar agentligi habar berýär.«Google» kompaniýasy kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň öwezini dolmak üçin köp mukdarda uglerod karzlaryny satyn almagy bes etdi we 2007-nji ýyldan bäri öňe sürýän uglerod-bitarap statusyndan ýüz öwürdi. Bu barada «Bloomberg» habarlar agentligi habar berýär.
Çeşme: powergreen.pro

«Google» kompaniýasy kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň öwezini dolmak üçin köp mukdarda uglerod karzlaryny satyn almagy bes etdi we 2007-nji ýyldan bäri öňe sürýän uglerod-bitarap statusyndan ýüz öwürdi. Bu barada «Bloomberg» habarlar agentligi habar berýär.

«Google» indi 2030-njy ýyla çenli kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny doly azaltmaga ünsi jemlär.

«2023-nji ýyldan başlap, operasion uglerod bitaraplygyny mundan beýläk goldamarys» diýip, «Google-yň» beýanatynda bellenilýär.

Uglerod-bitarap statusy atmosferadan deň mukdarda kömürturşy gazyny sorup alýan usullary ulanmak bilen zyňyndylaryny sazlaýan kompaniýa berilmelidir. Şeýle-de bolsa, uglerod bitaraplygyny öňe sürýän kompaniýalaryň köpüsi tokaýlary goramak, arassa energiýa ulanmak ýa-da zyňyndylaryň öndürilmeginiň öňüni almak üçin ýaşyl taslamalardan alnan arzan bahaly taslamalara (bir karz bir tonna zyňynda deňdir) bil baglaýarlar.

2022-nji ýylda «Google» uglerody aradan aýyrmak bazaryny maliýeleşdirmek üçin 200 million dollar bölüp bermegi wada berdi. 2024-nji ýylda kompaniýa üç sany kompaniýa – «Charm Industrial», «Lithos Carbon» we «CarbonCapture» bilen 2024 – 2028-nji ýyllar aralygynda ýerine ýetirmek boýunça 62 500 tonnalyk şertnama baglaşdy.

Şeýle hem kompaniýa howa ulgamynda göz öňünde tutulan maksatlara ýetilegine gözegçilik edýän we kompaniýalary zyňyndylaryny azaltmaga ünsi jemlemäge we diňe galyndy zyňyndylarynyň az bölegi üçin kompensasiýalary ulanmaga höweslendirýän Science-Based Targets (SBTi) başlangyjyna resmi taýdan goşuldy.

«Google» uglerod karz strategiýasyny üýtgedýän ýeke-täk kompaniýa däl. «EasyJet» awiakompaniýasy we pol örtüklerini öndürýän «Interface» kompaniýasy kompensasiýa satyn almagy bes etdi. Iki kompaniýanyň hem howa maksatlary SBTi tarapyndan tassyklandy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026