HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝUNISEF Türkmenistanda mugallymlaryň we çagalaryň psihiki saglygyny goldamak üçin ählumumy okuw geçirýär

Iýul 10, 2024 | 10:15 |8799
ÝUNISEF tarapyndan başlanan alty hepdelik «Psihiki saglyk we kyn ýagdaýdaky mugallymlar hem-de çagalar üçin we psihososial goldaw (PSPSG)» atly intensiw we ählumumy okuw tamamlanýar. Professional goldawa bolan islegiň artmagy bilen baglylykda, bu okuw dürli pudaklarda işleýän işgärlere çagalara we terbiýeçilere psihiki saglyk we abadançylyk goldawyny bermäge, şol sanda gender zorluklary bolan ýagdaýynda hem bu goldawy bermäge mümkinçilik döredýär.ÝUNISEF tarapyndan başlanan alty hepdelik «Psihiki saglyk we kyn ýagdaýdaky mugallymlar hem-de çagalar üçin we psihososial goldaw (PSPSG)» atly intensiw we ählumumy okuw tamamlanýar. Professional goldawa bolan islegiň artmagy bilen baglylykda, bu okuw dürli pudaklarda işleýän işgärlere çagalara we terbiýeçilere psihiki saglyk we abadançylyk goldawyny bermäge, şol sanda gender zorluklary bolan ýagdaýynda hem bu goldawy bermäge mümkinçilik döredýär.
Çeşme: BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan berildi

ÝUNISEF tarapyndan başlanan alty hepdelik «Psihiki saglyk we kyn ýagdaýdaky mugallymlar hem-de çagalar üçin we psihososial goldaw (PSPSG)» atly intensiw we ählumumy okuw tamamlanýar. Professional goldawa bolan islegiň artmagy bilen baglylykda, bu okuw dürli pudaklarda işleýän işgärlere çagalara we terbiýeçilere psihiki saglyk we abadançylyk goldawyny bermäge, şol sanda gender zorluklary bolan ýagdaýynda hem bu goldawy bermäge mümkinçilik döredýär.

Türkmenistanda bu okuwa 200-den gowrak hünärmen gatnaşdy. Olaryň hatarynda jemgyýetçilik işgärleri, mekdep mugallymlary, dikeldiş merkezleriniň hünärmenleri, maşgala lukmanlary, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary hem-de psihologiýa we jemgyýetçilik ylymlary mugallymlary, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň işgärleri bar.

Okuw alty hepdelik modullardan ybarat bolup, adatdan daşary hem-de adaty ýagdaýlar üçin döredildi. Modullarda psihiki saglygy goldamagyň esasy konsepsiýalary we ähmiýeti, çagalaryň ösüşi we psihososial abadançylygy, terbiýeçini goldamak, jemgyýetçilik derejesinde psihiki saglyk we psihososial goldaw, öň hatarda işleýänler üçin öz-özüne kömek, şeýle hem gender zorluklarynyň we PSPSG-niň kesişmesi ýaly möhüm mowzuklary öz içine alýar.

Gatnaşyjylar okuwyň kömegi bilen gündelik işlerinde psihososial goldaw bermek üçin amaly gurallara erk etmegi öwrenendiklerini bellediler.

Bu ählumumy okuw topary Türkmenistandan hünärmenleri Gazagystandaky kärdeşleri bilen birleşdirip, pikir, bilim we öňdebaryjy tejribe alyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik döretdi.

Bu başlangyjyň maksady – güýçli we goldaw berýän jemgyýet döretmek arkaly çagalaryň we terbiýeçileriň psihiki saglyk ulgamynda zerur goldaw almagyny üpjün etmekdir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026