Habarlar

Türkmen telekeçileri BAE-ne oba hojalyk önümlerini eksport etmäge taýýarTürkmen telekeçileri BAE-ne oba hojalyk önümlerini eksport etmäge taýýar

Türkmen telekeçileri BAE-ne oba hojalyk önümlerini eksport etmäge taýýar

Türkmen telekeçileriniň eksport bazarlarynyň geografiýasy ýylsaýyn giňelýär we häzirki wagtda dünýäniň 50-ä golaý ýurduny öz içine alýar diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Nökerguly Atagulyýew 25-nji iýunda, sişenbe güni Aşgabatda geçirilen “Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri” işewürlik maslahatynyň dowamynda eden çykyşynda belledi.