HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

IRU we Türkmenistan awtoulag boýunça ýol kartasyny döretmek barada ylalaşdylar

Sentýabr 15, 2024 | 23:50 |11912
IRU we Türkmenistan sentýabr aýynda awtomobil ulaglary boýunça ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanan ýokary derejedäki gepleşikleri geçirip, bu pudagyň ösdürilmeginiň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.IRU we Türkmenistan sentýabr aýynda awtomobil ulaglary boýunça ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanan ýokary derejedäki gepleşikleri geçirip, bu pudagyň ösdürilmeginiň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Çeşme: orient.tm

IRU we Türkmenistan sentýabr aýynda awtomobil ulaglary boýunça ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanan ýokary derejedäki gepleşikleri geçirip, bu pudagyň ösdürilmeginiň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Aşgabatda Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto hem-de Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we aragatnaşyk agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň arasynda geçirilen maslahatlaşmalar Türkmenistanyň awtomobil ulaglarynyň infrastrukturasyna möhüm maýa goýumlarynyň çekilýändigini açyp görkezdiler.

Umberto de Pretto “agyr” we “ýeňil” infrastrukturasynyň ösdürilmeginiň ähmiýeti barada belläp geçdi. Netijeli söwda üçin zerur bolan garmonizirlenen gurallaryny we işlerini ösdürmekde Türkmenistanyň tagallalaryna aýratyn ähmiýet berildi. Bu infrastrukturalarynyň üstünlikli utgaşdyrylmagy ýük baradaky deslapky maglumatlaryny peýdalanmak bilen howpsuz TIR operasiýalarynyň üpjün edilmegini hem-de esasy serhet geçelgelerinde bellenen ösdürilýän zolaklary öz içine alýar. Bu bolsa howpsuzlyga esaslanýan üstüşyr geçelgelerine ösdürilmegine mümkinçilik berýär.

IRU we Türkmenistanyň daşary işler ministri hem-de Ulag we aragatnaşyk agentliginiň Baş direktory Türkmenistanda awtomobil ulag ulgamyny ösdürmek hem-de söwda we üstaşyr geçelge babatda onuň ähmiýetini ýokarlandyrmak üçin ýol kartasyny işläp taýýarlamak barada ylalaşdylar diýip, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň saýtynda habar berilýär.

IRU and Turkmenistan hold high-level talks ></p>
<p>2024-nji ýylyň Bütindünýä durnukly ulag gününiň çäklerinde çäreleriň meýilnamalaşdyrylyşy Maslahatlaşmalaryň esasy ugry boldy. Türkmenstan bu başlangyjyň döredilmeginde we BMG-niň degişli Kararnamasynyň kabul edilmeginde esasy orun tutdy.  </p>
<p>IRU pudagy karbonsyzlaşdyrmagyna hem-de 2050-nji ýyla çenli uglerod bitaraplygynyň gazanylmagyna gönükdirilen Ýaşyl Kompakta aýratyn ähmiýet berdi. Bu başlangyç ulag pudagynyň durnukly ösüşi boýunça ählumumy tagallalary goldap, eýýäm häzirki wagtda durmuşa geçirilmegi mümkin bolan çäreleriň zerurdygyny açyp görkezýär. </p>
<p>Bütindünýä durnukly ulag güni 26-njy noýabrda bellenilýär. IRU tarapyndan bu senä bagyşalanan ýörite <a href=web-saýt döredildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026