HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Habarlar agentlikleriniň Hazar birleşiginiň döredilmeginiň maksadalaýyklylygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Sentýabr 15, 2024 | 23:10 |10637
Moskwada BRIKS ýurtlarynyň Maglumat sammitiniň çäklerinde Hazar sebit ýurtlarynyň habarlar agentlikleriniň wekilleriniň duşuşygy geçirildi diýip, ýekşenbe güni “TASS” agentligi habar berýär.Moskwada BRIKS ýurtlarynyň Maglumat sammitiniň çäklerinde Hazar sebit ýurtlarynyň habarlar agentlikleriniň wekilleriniň duşuşygy geçirildi diýip, ýekşenbe güni “TASS” agentligi habar berýär.
Çeşme: Sergeý Bulkin TASS

Moskwada BRIKS ýurtlarynyň Maglumat sammitiniň çäklerinde Hazar sebit ýurtlarynyň habarlar agentlikleriniň wekilleriniň duşuşygy geçirildi diýip, ýekşenbe güni “TASS” agentligi habar berýär.

Duşuşyga Azebaýjanyň AzerTAj, Eýranyň IRNA habarlar agentlikleriniň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Teleradio toplumynyň, Russiýanyň “TASS” habarlar agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň wekilleri gatnaşdy.

“Duşuşyga gatnaşyjylar Hazar sebitiniň belli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasynda köptaraplaýyn maglumat hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine düşünip, Habarlar agentlikleriniň Hazar birleşiginiň döredilmeginiň maksadalaýykdygy diýen pikire geldiler” – diýlip, habarda bellenilýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar Birleşigiň düzgünnamasyny işläp taýýarlamak, indiki duşuşygyň geçiriljek wagtyny we ýerini kesgitlemek, Birleşigiň çäklerinde maglumat hyzmatadşlygynyň formatyny işläp taýýarlamak boýunça iş tertipde ylalaşdylar.

BRIKS ýurtlarynyň Maglumat sammiti Moskwada 13-17-nji sentýabr aralygynda geçirilýär.

Moskwada geçirilýän 7-nji BRIKS Maglumat sammitiniň işine gatnaşmak üçin BRIKS ýurtlarynyň esasy habar beriş edarlarynyň ýolbaşçylary, birleşik bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge isleg bildiren ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri çagyryldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026
Ýewropada tebigy gazyň bahasy 2022-nji ýylyň dekabryndan bäri iň ýokary derejä ýetdi

Ýewropada tebigy gazyň bahasy 2022-nji ýylyň dekabryndan bäri iň ýokary derejä ýetdi

15:00 Oktýabr 28, 2026