HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi Aşgabatda daşary ýurtly watandaşlarymyzy bir ýere jemledi

Sentýabr 14, 2024 | 23:30 |14134
14-nji sentýabr, şenbe güni Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi. Hemişeki bolşy ýaly, Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän maslahatyň işine daşary ýurtlardan gelen türkmen diasporalarynyň hem-de ýurduň ähli welaýatlaryndan gelen wekilleri gatnaşdy.14-nji sentýabr, şenbe güni Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi. Hemişeki bolşy ýaly, Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän maslahatyň işine daşary ýurtlardan gelen türkmen diasporalarynyň hem-de ýurduň ähli welaýatlaryndan gelen wekilleri gatnaşdy.
Çeşme: tdh.gov.tm

14-nji sentýabr, şenbe güni Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi. Hemişeki bolşy ýaly, Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän maslahatyň işine daşary ýurtlardan gelen türkmen diasporalarynyň (daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri) hem-de ýurduň ähli welaýatlaryndan gelen wekilleri gatnaşdy.

Maslahatyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýollan gutlag sözi okaldy. Hormatly Prezidentimiz bu gutlag sözünde halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde, türkmen halkynyň baý medeniýetini, däp-dessurlaryny, taryhyny, edebiýatyny we dilini wagyz etmekde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ähmiýetli orny barada belläp geçdi. Birleşik dünýä türkmenlerini jebisleşdirmekde ägirt uly tagallalary edýän abraýly gurama öwrüldi. Dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, ykdysady, medeni, ylym-bilim, saglygy goraýyş we telekeçilik ýaly ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy has-da ýaýbaňlandyrmakda, halkymyzyň baý ruhy we medeni mirasyny wagyz etmekde ägirt uly işler garaşýar diýip, “TDH” agentligi döwlet Baştutanymyzyň sözlerini getirýär.

14092024-gumanitarnaya-associaciya-turkmen-mira (1).jpg

Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň halkynyň abadançylygyny we halkara abraýyny berkitmäge gönükdirilen ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan iri durmuş-ykdysady maksatnamalary hem-de dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň geljekki ösüşine mümkinçilik berýän ýurdumyzda durmuşa geçirliýän iri halkara taslamalary bilen giňişleýin tanyşdyryldy.

Häzirki watgda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň bölümçeleri 14 ýurtda hereket edýär – Russiýa Federasiýasynda, Beýik Britaniýada, Germaniýada, Ukrainada, Owganystanda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Saud Arabystanda, Päkistanda, Türkiýede, Özbegistanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Täjigistanda.

14092024-gumanitarnaya-associaciya-turkmen-mira (3).jpg

Germaniýanyň, Owganystanyň, BAE-niň, Türkiýeniň wekilleri Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümçeleriniň işi barada aýtmak bilen, häzirki wagtda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen dürli ugurlar boýunça däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmekde özüniň tagallalaryny iş ýüzünde görkezýändigini buýsanç bilen bellediler.

Maslahata gatnaşyjylar öňden bäri ýola goýulan gatnaşyklaryň esasynda dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan türkmenler öz ene dilini we milli däp-dessurlaryny gorap saklap, olary nesilden nesle geçirýändikleri barada aýratyn bellediler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

21:00 Awgust 15, 2026
Täjigistanda arheologlar Kuşan patyşalygynyň patyşanyň keşbi şekillendirilen seýrek möhürini tapdylar

Täjigistanda arheologlar Kuşan patyşalygynyň patyşanyň keşbi şekillendirilen seýrek möhürini tapdylar

20:46 Awgust 15, 2026
Daşkentde 1970-nji ýyllaryň seýrek mozaikalary başga ýere göçüriler: pannolar täze ýerde saklanylar

Daşkentde 1970-nji ýyllaryň seýrek mozaikalary başga ýere göçüriler: pannolar täze ýerde saklanylar

20:43 Awgust 15, 2026