Habarlar

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň täze Ilçisinden ynanç hatyny kabul etdiPrezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň täze Ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň täze Ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nurlan Nogaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat ýurduň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Kasym-Žomart Tokaýewiň ýollan mähirli salamyny ýetirdi we öz ýurdunyň Türkmenistan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy.

Paýhasly sözüň ýoly dostlary ýygnaýar: Moskwanyň döwlet konserwatoriýasynyň rektory - Magtymgulynyň 300 ýyllygy baradaPaýhasly sözüň ýoly dostlary ýygnaýar: Moskwanyň döwlet konserwatoriýasynyň rektory - Magtymgulynyň 300 ýyllygy barada

Paýhasly sözüň ýoly dostlary ýygnaýar: Moskwanyň döwlet konserwatoriýasynyň rektory - Magtymgulynyň 300 ýyllygy barada

P.I Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň rektory sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory, Russiýa Federasiýasynyň at gazanan suratkeşi, professor Aleksandr Sokolow Magtymgulynyň 300 ýyllygyny bellemek dabarasyna gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Türkmen sazandalary üçin dünýäniň öňdebaryjy aýdym-saz ugurly okuw mekdebiniň biriniň rektory we Russiýa Federasiýasynyň öňki Medeniýet ministrinden gelen bu gutlag haty uly hormatdyr.

«Türkmenistan-BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň 2-nji mejlisi geçirildi«Türkmenistan-BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň 2-nji mejlisi geçirildi

«Türkmenistan-BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň 2-nji mejlisi geçirildi

Sişenbe güni, 16-njy iýulda Aşgabatda "Türkmenistan-BMG" Strategik maslahat beriş geňeşiniň ikinji ýygnagy geçirildi. Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen mejlisiň gün tertibinde BMG-niň Baş Sekretarynyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijelerine seredildi, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň “2025-nji ýyl, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak" ýyly atly Karanamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýurtda we daşary ýurtlarda meýilleşdirilýän çäreleriň Meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.