Arkadag şäherinde Durnukly ösüş boýunça Birinji YHG Forumyna taýýarlyk görülýär


27-nji sentýabrda BMG Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäklerinde, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ECO) gatnaşýan ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň her ýyldaky duşuşygy. geçirildi.
Duşuşykda taraplar Guramanyň çägindäki häzirki ýagdaýy we özara gatnaşyklaryň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini beýan etdiler.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda häzirki zaman hakykatlaryny, şol sanda durmuş ulgamyndaky ösüş, energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag, daşky gurşawy goramak, sanlaşdyrmak we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmegiň we strategiýalary ösdürmegiň möhümdigini belledi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Hususan-da, Meredow köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin maglumatlar, statistika we işewürlik taslamalarynyň asyl görnüşi ýerleşdiriljek Maglumat portalyny döretmegi şeýle hem harytlaryň we çeşmeleriň daşalmagyny ýeňilleşdirmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin sanly tehnologiýalar we elektron söwda boýunça YHG-nyň Çarçuwaly ylalaşygyny işläp düzmegi teklip etdi.
Has utgaşdyrylan ulag diplomatiýasyny we bu ugurdaky halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy goldaýan Türkmenistan, sebitara ulag geçelgelerini we Merkezi Aziýanyň esasy portlary we logistika merkezleri bilen multimodal ulag baglanyşyklaryny döretmegi maksat edinýär.
Ýene bir möhüm ugur, energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyk. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistan YHG ýurtlaryna tebigy gaz we elektrik üpjünçiligini giňeltmäge taýýardyr diýip, Raşid Meredow aýtdy, YHG sekretariatynyň energiýa we suw meselelerini çözmekde öňdebaryjy orny eýeläp biljekdigi baradaky pikiri beýan edip, agza ýurtlaryň bu ugurlardaky tagallalaryny utgaşdyrmak üçin ýokary derejeli duşuşygy gurmagy göz öňünde tutýar.

Ministr kärdeşleriniň ünsüni Türkmenistanyň YHG sekretariaty bilen bilelikde eýýäm işjeň durmuşa geçirýän birnäçe başlangyçlaryna çekdi. Bular Arkadag şäherinde Durnukly ösüş boýunça Birinji YHG Forumyna taýýarlyk, Mary şäherini 2027-nji ýylda YHG-nyň syýahatçylyk paýtagty hökmünde yglan etmegine , 2024-nji ýylda Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça toparyň 5-nji mejlisiniň geçirilmegine taýýarlyk we YHG-nyň serhetara söwda zolaklaryny döretmek.
Owganystan sebit üçin ileri tutulýan mesele bolmagynda galýar. Türkmenistan Owganystany goldamak, ykdysady we ynsanperwer kömegi bermek boýunça köptaraplaýyn tagallalara işjeň gatnaşýar. Golaýda ýagny şu ýylyň 11-nji sentýabrynda iki ýurduň serhedinde uly göwrümli energiýa, ulag we infrastruktura halkara taslamalary başlandy: Serhetabat –Turgundy demir ýol geçelgesiniň ugrundaky demir ýol köprüsiniň işe girizildi, TOPH gaz geçirijisi üçin “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynyň düýbi tutuldy, Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, Turgundy “gury portunda” ammarlar toplumynyň gurluşyk işlerine badalga berildi; Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Hyrat welaýatynda ýerleşýän “Nur-el-Jahad” elektrik bekedi işe girizildi.
ORIENT news








