HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen BMG-niñ özara hyzmatdaşlygy: parahatçylyk döredijilige ähmiýet

Sentýabr 29, 2024 | 14:00 |8337
Türkmenistanyñ Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niñ Baş Assambleýasynyñ 79-njy sessiýasynyñ çäginde 28-nji sentýabrda BMG-niñ Baş sekretarynyñ parahatçylyk dörediji işler boýunça orunbasary Žan-Pýer Lakrua bilen duşuşdy.Türkmenistanyñ Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niñ Baş Assambleýasynyñ 79-njy sessiýasynyñ çäginde 28-nji sentýabrda BMG-niñ Baş sekretarynyñ parahatçylyk dörediji işler boýunça orunbasary Žan-Pýer Lakrua bilen duşuşdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyñ Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niñ Baş Assambleýasynyñ 79-njy sessiýasynyñ çäginde 28-nji sentýabrda BMG-niñ Baş sekretarynyñ parahatçylyk dörediji işler boýunça orunbasary Žan-Pýer Lakrua bilen duşuşdy.

Türkmenistan halkara parahatçylygyñ we howpsuzlygyñ üpjün edilmegine ygrarlylygyny tassyklady. Taraplar parahatçylyk döredijilik işiniñ çäginde hyzmatdaşlygy berkitmegiñ ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de bu ugurda özara gatnaşyklary ösdürmegiñ uly mümkinçiliginiñ bardygyny bellediler diýip, DIM-niñ habarlarynda aýdylýar.

Parahatçylyk döredijilik işi boýunça döwletara dialogy üçin amatly meýdança hökmünde BMG-niñ BA-nyñ Ýörite komitetiniñ orny duşuşygyñ esasy meseleleriniñ biri boldy. Maslahata gatnaşyjylar bu edaranyñ çäginde parahatçylyk döredijilik işine hemmetaraplaýyn umumy çemelerleriñ işlenilip taýýarlanylmagynyñ wajyplygy barada aýratyn belläp geçdiler.

Türkmenistanyñ hemişelik Bitaraplyk hukugyndan ugur alyp, türkmen tarapy parahatçylygy pugtalandyrmak boýunça halkara tagallalaryna gatnaşmak meselelerine garamaga taýýardygy barada habar berdi. Türkmenistanyñ Bitaraplyk hukugyny hasaba almak bilen BMG-niñ degişli edarasynyñ işine gatnaşmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara howpsuzlygyñ täze çagyryşlary we wehimleri hem-de olaryñ parahatçylyk döredijilik işine ýetirýän täsiri barada pikirler alyşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

23:30 Oktýabr 27, 2026