Türkmenistanyñ wekiliýeti BMG-niñ Baş sekretarynyñ syýasy meseleler boýunça orunbasary bilen duşuşdy


Daşary işler ministri Raşid Meredowyñ ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyñ wekiliýeti BMG-niñ Baş Assambleýasynyñ 79-njy sessiýasyna gatnaşyp, 27-nji sentýabrda BMG-niñ Baş sekretarynyñ syýasy we parahatçylyk döredijilik meseleleri boýunça orunbasary Rozmari Dikarlo bilen duşuşdy.
"Taraplar häzirki sebit we halkara gün tertibi barada pikir alyşdylar. Bu babatda sebitde we tutuş dünýäde halkara hyzmatdaşlygy we howpsuzlygy berkitmekde tagallalaryñ birleşdirilmeginiñ zerurlygy barada aýratyn bellenildi" - diýip türkmen DIM-niñ habarynda aýdylýar.
Gepleşikleriñ dowamynda Türkmenistanyñ BMG bilen hyzmatdaşlygy hususan-da, BMG-niñ Merkezi Aziýa üçin Öñüni alyş diplomatiýa boýunça sebit merkeziniñ işi arkaly sebitde parahatçylyk, durnuklylyk we howpsuzlyk esaslarynyñ pugtalandyrylmagyna mümkinçilik döredýändigi barada bellenildi.
Duşuşykda Türkmenistanyñ Owganystanyñ durmuş-ykdysady ösüşine goşan goşandy barada bellenilip geçildi. Türkmenistan Owganystana yzygiderli ynsanperwer kömegini ýollaýar, durmuş ähmiýetli desgalar gurulýar, ýerli ilata lukmançylyk kömegi berilýär.
Taraplar Türkmenistanda BMG-niñ degişli edaralarynyñ gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriniñ taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da Türkmenistanyñ başlangyjy bilen 2025-nji ýyly "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" diýip yglan etmek boýunça BMG-niñ Baş Assambleýasynyñ Kararnamasyny durmuşa geçirmek babatda öñde duran işlere garaldy.
ORIENT news







