Habarlar

Türkmen sazandalary “Sinandali” nusgawy saz festiwalyna gatnaşýarlarTürkmen sazandalary “Sinandali” nusgawy saz festiwalyna gatnaşýarlar

Türkmen sazandalary “Sinandali” nusgawy saz festiwalyna gatnaşýarlar

31-nji awgustdan 8-nji sentýabra çenli Gruziýada 6-njy “Sinandali” nusgawy saz festiwaly geçirilýär. 2019-njy ýyldan bäri Gruziýanyň ajaýyp welaýatlarynyň biri bolan Kahetiýanyň Sinandali mülkünde ýylsaýyn geçirilýän bu festiwal dünýä belli sazandalaryň, orkestrleriň we artistleriň gatnaşmagynda Ýewropanyň we Aziýanyň nusgawy sazynyň meýdançasy hasaplanylýar.

Türkmenistan Merkezi Aziýada “Bitewi saglyk” konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde öňdebaryjylaryň hataryndaTürkmenistan Merkezi Aziýada “Bitewi saglyk” konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde öňdebaryjylaryň hatarynda

Türkmenistan Merkezi Aziýada “Bitewi saglyk” konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde öňdebaryjylaryň hatarynda

3-nji sentýabrda geçirilen “Bitewi saglyk” konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça webinaryň çäklerinde Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň (ÝYK), Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG), Bütindünýä haýwanlaryň saglygyny goraýyş guramasynyň (BHSGG), BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (AOHG) hem-de BMG-niň Daşky gurşaw boýunça Maksatnamasynyň (DGM) wekilleri adamlaryň we haýwanlaryň saglygyny hem-de daşky gurşawy üpjün etmekde hyzmatdaşlygy we tejribe alyşmagy pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

"AMC Overseas" kompaniýasy Türkmenistandan Ýakyn Gündogara we Afrika ýurtlaryna eksport işinde ýardam berip biler"AMC Overseas" kompaniýasy Türkmenistandan Ýakyn Gündogara we Afrika ýurtlaryna eksport işinde ýardam berip biler

"AMC Overseas" kompaniýasy Türkmenistandan Ýakyn Gündogara we Afrika ýurtlaryna eksport işinde ýardam berip biler

BAE-de Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Serdarmämmet Garajaýew AMC Overseas halkara kompaniýasynyň direktory Suwra Çakraborti bilen duşuşdy. Baş edarasy Dubaý şäherinde ýerleşen AMC Overseas kompaniýasynyň öňümizdäki hepde Aşgabatda geçiriljek Maýa goýum maslahatyna gatnaşmagy duşuşygyň esasy meselesi boldy.

Türkmen saz sungatyny öwrenijiniň kitaby halkara ylmy neşirde çap edildiTürkmen saz sungatyny öwrenijiniň kitaby halkara ylmy neşirde çap edildi

Türkmen saz sungatyny öwrenijiniň kitaby halkara ylmy neşirde çap edildi

Türkmen sazy taryhyň ähli döwürlerinde alymlary, syýahatçylary, kompozitorlary, suratkeşleri we ýazyjylary özüne çekip, olara ylham beren halk sungatynyň hazynasydyr. Türkmenleriň sazçylyk mirasy hemişe dutar bilen çalynyp ýerine ýetirilýän parasatly nakyllary we tapmaçalary, şadyýan we gynançly däp aýdymlaryny, we taryhy gahrymanlaryň şöhratly edermenliklerini beýan edýän bagşylaryň söýgi, dabaraly we gahrymançylykly eposlaryny we destanlaryny öz içine alýar. Bu edebiýatyň halkyň wagtyny hoş geçirmeginiň netijesi bolandyr diýip pikir etmek ýalňyşdyr.