HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hindistanda Airbus C-295 uçarlary öndürýän hususy zawod açyldy

Oktýabr 31, 2024 | 16:15 |12118
Hindistanyň Gujarat welaýatynda Airbus C-295 harby ulag uçarlaryny öndürýän ilkinji hususy zawody açyldy diýip, Bloomberg agentligi habar berýär.Hindistanyň Gujarat welaýatynda Airbus C-295 harby ulag uçarlaryny öndürýän ilkinji hususy zawody açyldy diýip, Bloomberg agentligi habar berýär.
Çeşme: scramble.nl

Hindistanyň Gujarat welaýatynda Airbus C-295 harby ulag uçarlaryny öndürýän ilkinji hususy zawody açyldy diýip, Bloomberg agentligi habar berýär.

Airbus SE we Tata Advanced Systems kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda gurulan täze zawod hindi goşunynyň könelişen düzümini täzelemek üçin ulag uçarlarynyň önümçiliginde ýöriteleşdiriler. Şertnama laýyklykda, Hindistan C-295 uçarlarynyň 56-syny alyp, olaryň 16-sy Ispaniýada öndüriler, galanlary bolsa – hindi zawodynda.

Ilkinji uçarlar 2026-njy ýylda çykarylar, gutarnykly tapgyryna 2031-nji ýylyň awgustynda garaşylýar. C-295 uçarlary 71 harbylara çenli ýa-da 9 tonna ýük geçirip biler, bu bolsa öz kuwwatlylygyny ýitirip barýan könelişen Avro we sowet An-32 uçarlarynyň orununy tutmaga ýardam eder.

Şeýle-de, bu taslama uçarlar üçin gerekli düzüm bölekleriniň öndürilişi bilen meşgullanjak Bharat Electronics Ltd. we Bharat Dynamics Ltd. ýaly Hindistanyň döwlet kompaniýalaryny özüne çekýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026