HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan BDS we EDS synaglaryny geçirmek boýunça rus tejribesini öwrener

Oktýabr 31, 2024 | 18:00 |771
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparyna bilelikde başlyklyk edijileriň duşuşygyna bagyşlanan saparyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň magaryf ministriniň orunbasary Andreý Korneýew bilen Türkmenistanyň bilim ministriniň ornbasary A.Ataýewiň arasynda bilim ulgamynda özara gatnaşyklar, hususan-da bitewi döwlet synagyny geçirmek meseleleri boýunça gepleşikler geçirildiYkdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparyna bilelikde başlyklyk edijileriň duşuşygyna bagyşlanan saparyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň magaryf ministriniň orunbasary Andreý Korneýew bilen Türkmenistanyň bilim ministriniň ornbasary A.Ataýewiň arasynda bilim ulgamynda özara gatnaşyklar, hususan-da bitewi döwlet synagyny geçirmek meseleleri boýunça gepleşikler geçirildi
Çeşme: atvmedia.ru

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparyna bilelikde başlyklyk edijileriň duşuşygyna bagyşlanan saparyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň magaryf ministriniň orunbasary Andreý Korneýew bilen Türkmenistanyň bilim ministriniň ornbasary A.Ataýewiň arasynda bilim ulgamynda özara gatnaşyklar, hususan-da bitewi döwlet synagyny geçirmek meseleleri boýunça gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilişi ýaly, bitewi synaglaryň we bitewi jemleýji attestasiýalaryň geçirilişi boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri, şeýle hem 11-nji synplar üçin BDS (Bitewi döwlet synagy) we 9-njy synplar üçin EDS (Esasy döwlet synagy) ýaly synaglary geçirmekde rus usullary boýunça tejribe alyşmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu synaglar Russiýanyň okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak ulgamynda möhüm ähmiýete eýe bolup, esasy we orta mekdebi tamamalmak hem-de geljekde okuw mekdeplerine girmek üçin standartlaşdyrylan şertlerini üpjün edýär. Türkmen tarapy bilim standartlaryň kämilleşdirmegine ýardam etjek bu usullaryň öwrenilmegine gyzyklanma bildirdi.

Goşmaça halkara bilim çäreleri barada maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy şu ýylyň mart aýynda “akylly” Arkadag şäherinde geçirilen matematika boýunça halkara olimpiadasynda rus okuwçylaryň görkezen ýokary netijeleri barada belledi. Taraplar şeýle çäreleriň iki ýurduň arasyndaky bilim we medeni gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026