HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň CNOOC nebit kompaniýasy yrak ýatagyny işläp taýýarlamak baradaky şertnama gol çekdi

Oktýabr 31, 2024 | 14:20 |14831
Hytaýyň CNOOC nebit kompaniýasy Yragyň Midland Oil Company döwlet kompaniýasy bilen Blok 7 meýdançasynda nebitiň gözleg işleri, işläp taýýarlaýyşy we gazyp alynyşy baradaky şertnama (EDPC) gol çekdi. Bu barada Reuters-a salgylanyp, Gazagystanyň “Kazinform” habarlar agentligi belleýär.Hytaýyň CNOOC nebit kompaniýasy Yragyň Midland Oil Company döwlet kompaniýasy bilen Blok 7 meýdançasynda nebitiň gözleg işleri, işläp taýýarlaýyşy we gazyp alynyşy baradaky şertnama (EDPC) gol çekdi. Bu barada Reuters-a salgylanyp, Gazagystanyň “Kazinform” habarlar agentligi belleýär.
Çeşme: geoinform.ru

Hytaýyň CNOOC nebit kompaniýasy Yragyň Midland Oil Company döwlet kompaniýasy bilen Blok 7 meýdançasynda nebitiň gözleg işleri, işläp taýýarlaýyşy we gazyp alynyşy baradaky şertnama (EDPC) gol çekdi. Bu barada Reuters-a salgylanyp, Gazagystanyň “Kazinform” habarlar agentligi belleýär.

Blok 7 ýatagynyň meýdany 6300 km2 barabar bolup, ol Merkezi Yragyň Diwaniýa welaýatynda ýerleşýär. Şertnamanyň şertlerine laýyklykda, Hytaýyň ulylygy boýunça üçünji orunda durýan CNOOC nebit kompaniýasy özüniň CNOOC Africa Holding Ltd. bölümçesi arkaly 6300 km2 meýdany tutýan bu ýeri dolandyrar we oňa gözegçilik eder.

Bu şertnama Yragyň täze strategiýasynyň bir bölegi bolup, oňa görä Yrak daşary ýurt maýadarlary çekip, olaryň diňe bir hyzmatlaryny tölemän, eýsem olara nebitiň alynyşyndan girdeji paýyny hödürleýär.

Gözlegleriň başlangyç tapgyry üç ýyla meýilleşdirilýär.

CNOOC eýýäm Yrakda iş alyp baryp, ýurduň günortasynda ýerleşen Maýsan welaýatynda ýatagyň işläp taýýarlamalary bilen meşgullandy.

Awgustda CNOOC kompaniýasynyň top-menejeri Blok 7 meýdançasy iri ýataklarynyň üstüniň açylmagyna getirip bilýändigi barada belläp geçdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026