HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Azerbaýjan Hazar deňziniň ekologiýa gözegçiligini güýçlendirmegi teklip edýär

Noýabr 13, 2024 | 13:05 |1418
Aşgabat sammitinde Azerbaýjanyň Prezidenti hazarýaka döwletlerini Hazaryň derjesiniň azalmak meselesine we onuň ekologiýa meselelerine has düýpli çemeleşmelere çagyrdy. Bu soraglaryň ählisi şu günki gün hem möhüm bolup dur.Aşgabat sammitinde Azerbaýjanyň Prezidenti hazarýaka döwletlerini Hazaryň derjesiniň azalmak meselesine we onuň ekologiýa meselelerine has düýpli çemeleşmelere çagyrdy. Bu soraglaryň ählisi şu günki gün hem möhüm bolup dur.
Çeşme: qansonar.com

Baku Hazar deňziniň ekologiýa meselelerine ünsi güýçlendirmegi we Hazarýaka döwletlerine Hazar deňziniň ekologiýa gözegçiligi boýunça köptaraply Konwensiýasy üçin hemişelik sekretariatyny döretmek işini tizleşdirmegi teklip edýär. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň ýörite tabşyryklar boýunça wekili Halaf Halafow žurnalistlere habar berdi.

“Hazar deňziniň ekologiýa gözegçiligi boýunça köptaraply Konwensiýasy üçin hemişelik sekretariatyny döretmek işi derwaýys mesele bolmagynda galýar. Häzirki wagtda bu sekretariat BMG tarapyndan amala aşyrylýar. Emma ol sekretariatyň işini kämilleşdirjek we Hazaryň ekologiýa meselelerine has uly ünsi çekjek Hazarýaka ýurtlarynyň birine geiçirlmeli” – diýip, ol belledi.

Halafowyň aýtmagyna görä, Hazaryň ýagdaýy tiz hereketleri talap edýär.

“Azerbaýjan tarapy ençeme gezek bu meseleleri gozgady. Aşgabat sammitinde Azerbaýjanyň Prezidenti hazarýaka döwletlerini Hazaryň derjesiniň azalmak meselesine we onuň ekologiýa meselelerine has düýpli çemeleşmelere çagyrdy. Bu soraglaryň ählisi şu günki gün hem möhüm bolup dur. Hazarýaka ýurtlary deňziň derejesine gözegçilik etmek hem-de onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak boýunça taslamalary işläp taýýarlamak üçin tagallalaryny gaýgyrmaly däldir” – diýip, ol aýratyn belledi.

Halafow Hazaryň suwlarynyň hapalanmagy, esasan hem, deňize guýýan derýalaryň täsirine ähmiýet berilmeli esasy meseleleriň biri diýip atlandyrdy.

Mundan ozal Azerbaýjan sekretariatyň Bakuda ýerleşdirilmegi baradaky ylalaşygyň taslamasyny taýýarlap, ony Hazarýaka ýurtlaryň garamagyna hödürledi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026