HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Konsertler, sergiler we duşuşyklar: Türkmenistanda Özbegistanyň Medeniýet günleri başlaýar

Noýabr 18, 2024 | 12:25 |9231
Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy 18-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler. Myhmanlara Özbegistanyň sungat ussatlarynyň konserti görkezilerMedeniýet günleriniň dabaraly açylyşy 18-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler. Myhmanlara Özbegistanyň sungat ussatlarynyň konserti görkeziler
Çeşme: www.orexca.com

18-20-nji noýabr aralygynda Türkmenistanda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär. Iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen guralan maksatnamanyň çäklerinde köpsanly dabaraly çäreler meýilleşdirilip, olar Türkmenistanyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny özbek medeniýetiniň baý mirasy bilen tanyşdyrar.

Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy 18-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler. Myhmanlara Özbegistanyň sungat ussatlarynyň konserti görkeziler. Köşgüň girelge zalynda özbek ussatlarynyň özboluşly döredijiligini beýan edýän amaly-haşam we şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi guralar. Başlaýan wagty: 18:00.

19-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda döredijilik duşuşygy geçiriler. Duşuşykda Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýazyjydyr-şahyrlary Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy barada maslahatlaşarlar.

Günüň ikinji ýarymynda “Daşkent” dynç-alyş seýilgähinde özbek aýdymçylarynyň konserti, milli egin-eşikleriň görkezilişi hem-de milli tagamlaryň we sungat eserleriniň sergisi geçiriler. Başlaýan wagty: 15:00.

Maksatnamanyň esasy çäresi 20-nji noýabrda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynda geçiriljek Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy bolar. Sahnada iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki guralan konserti görkeziler. Başlaýan wagty: 18:00.

Şeýle-de, 20-21-nji noýabr aralygynda Türkmenabat şäherinde Ikinji türkmen-özbek sebitara forumynyň hem-de özbek harytlarynyň milli sergisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilişi ýaly, 21-nji noýabrda söwda we syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri boýunça geňeşmeler geçiriler. Çäräniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar we resminamalaryň gol çekilişigi göz öňünde tutulan.

Türkmenistanda Özbegistanyň Medeniýet günleriniň çäreleri iki ýurduň arasyndaky medeni alyş-çalyşygyň we däbe öwrülen dostlukly hyzmatdaşlygyň wajyplygyny açyp görkezýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

22:47 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026