HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Magtymguly adyndaky TDU we “Türkmenistan” gazeti ýaşlaryň arasynda bäsleşik geçirýär

Noýabr 16, 2024 | 10:58 |8749
Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti “Türkmenistan” gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Döwrüň özgertmeleri – ýaş žurnalistleriň gözi bilen” atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti “Türkmenistan” gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Döwrüň özgertmeleri – ýaş žurnalistleriň gözi bilen” atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Çeşme: education.gov.tm

Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti “Türkmenistan” gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Döwrüň özgertmeleri – ýaş žurnalistleriň gözi bilen” atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşik ýaşlary watançylyk we agzybirlik ruhunda terbiýelemäge gönükdirilip, ýaş nesle öz Watanyna, uly yz galdyran beýik şahsyýetlerine bolan buýsançlaryny beýan etmäge mümkinçilik berýär.

Bäsleşige hödürlenýän işler Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli özgertmelerini, halkara arenada parahatçylygy we durnuklylygy pugtalanadyrmak babatda Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän başlangyçalryň ähmiýetini açyp görkezmeli. Şeýle-de, awtorlar öz makalalarynda aýratyn şahsyýetleriň zähmet üstünlikleri we gazananalary barada hem beýan edip bileler.

Döredijilik bäsleşigi iki ugur boýunça geçiriler. Birinji ugra “žurnalistika” hünäri boýunça bilim alýan talyplar gatnaşyp bilerler, ikinji ugur bolsa ähli gyzyklanma bildirýän talyplar üçin açykdyr.

Işler 2024-nji ýylyň 15-nji dekabryna çenli turkmenuniwersitetitdu@gmail.com we turkmenistan-gazeti@sanly.tm elektron salgylary boýunça kabul edilýär.

Bäsleşigiň netijeleri dekabr aýynyň ahyrynda belli bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026