Habarlar

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Rushyzmatdaşlygyň ýolbaşçysy Ýewgeniý Primakow bilen duşuşdyTürkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Rushyzmatdaşlygyň ýolbaşçysy Ýewgeniý Primakow bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Rushyzmatdaşlygyň ýolbaşçysy Ýewgeniý Primakow bilen duşuşdy

18-nji oktýabrda, anna güni Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Russiýa Federasiýasynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlaryň işleri we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça Federal agentligiň (“Rossotrudniçestwo”) ýolbaşçysy Ýewgeniý Primakow bilen duşuşdy.

Medeni alyş çalyşlar üçin giňişlik: Aşgabatda TÜRKSOÝ-nyň teatr festiwaly başlandyMedeni alyş çalyşlar üçin giňişlik: Aşgabatda TÜRKSOÝ-nyň teatr festiwaly başlandy

Medeni alyş çalyşlar üçin giňişlik: Aşgabatda TÜRKSOÝ-nyň teatr festiwaly başlandy

Şu gün Aşgabat Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylyş dabarasy üçin ajaýyp sahna boldy. Bu waka diňe bir sungat baýramçylygy bolman, çäre şu ýylda gadymy Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraldy.

Türkmenistan Stambulda gender deňligi we howa boýunça gepleşiklerine gatnaşýarTürkmenistan Stambulda gender deňligi we howa boýunça gepleşiklerine gatnaşýar

Türkmenistan Stambulda gender deňligi we howa boýunça gepleşiklerine gatnaşýar

Türkmenistandaky Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) ýurduň wekiliýetine 17-18-nji oktýabr aralygynda Stambulda geçirilen “Gender deňligine we inklýuziw howa hereketlerine maýa goýmak” gepleşiklerine gatnaşmaga ýardam berdi. Bu çäre BMGÖM sebit merkezi hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň merkezi tarapyndan gurnaldy we ol howa syýasatynda gender deňligine we sebitleriň arasyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlandy.

Astrahanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanylan aýdym-sazly döredijilik agşamy geçirildiAstrahanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanylan aýdym-sazly döredijilik agşamy geçirildi

Astrahanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanylan aýdym-sazly döredijilik agşamy geçirildi

17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) utgaşdyrmagynda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Kaspiý deňiz we derýa ulaglary instituty bilen Astrahan oblastyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiniň bilelikde guramagynda institutda akyldar şahyryň 300 ýyllygyna bagyşlanylan aýdym-sazly döredijilik agşamy geçirildi.

Aşgabatda Ýewraziýa sebitindäki senagat nusgalarynyň hukuk goraglylygynyň ösüşi barada maslahatlaşdylarAşgabatda Ýewraziýa sebitindäki senagat nusgalarynyň hukuk goraglylygynyň ösüşi barada maslahatlaşdylar

Aşgabatda Ýewraziýa sebitindäki senagat nusgalarynyň hukuk goraglylygynyň ösüşi barada maslahatlaşdylar

16-njy oktýabrda Aşgabatda “Dizaýnyň hukuk goraglylygy. Ýewraziýa sebitindäki senagat nusgalarynyň hukuk goragy ulgamynyň ösüşi” atly seminar geçirildi. Ýewraziýa patent edarasynyň prezidenti Grigoriý Iwliýew forumda çykyş edip, bazarda harydynyň öňe çykmagy üçin bütin dünýä gatnaşyjylar tarapyndan senagat nusgalaryna isleg bildirilýändigini belledi. Emma Ýewraziýa ýurtlarynda intellektual eýeçiliginiň bu görnüşi entek doly derejede bahalandyrylmady. Ýewraziýa patent edarasy dizaýni patentlemek işini ýaýbaňlandyrmak üçin uly işleir alyp barýar.

Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp kinologiýa we döredijilik bäsleşikler geçirilerTürkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp kinologiýa we döredijilik bäsleşikler geçiriler

Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp kinologiýa we döredijilik bäsleşikler geçiriler

Aşgabatda 27-nji oktýabrda türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp 2024-nji ýylyň tohumyň iň gowy wekili adyny almak ugrunda halkara bäsleşik geçiriler. Bu baýramçylyk mynasybetli döredijilik bäsleşigi hem geçirilip, oňa suratkeşler, halyçylyk ussatlary, wideograflaryň we türkmen alabaýynyň keşbini wasp edýän beýleki hünärleriň wekilleri üçin niýetlenen nominasiýalar girizilen.