HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi "UI GreenMetric 2024" halkara sanawyna girizildi

Dekabr 16, 2024 | 09:19 |4581
2024-nji ýylda Türkmenistanyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi uniwersitetleriñ ekologiýa infrastrukturasyny kämilleşdirmek islegini, şeýle hem olaryñ daşky gurşawy goramakda durnukly ösüşine ýardam edýän "UI GreenMetric" halkara sanawyna girdi. "UI GreenMetric" uniwersitetleriñ durnukly ösüşe goşýan goşandyna baha berýär.2024-nji ýylda Türkmenistanyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi uniwersitetleriñ ekologiýa infrastrukturasyny kämilleşdirmek islegini, şeýle hem olaryñ daşky gurşawy goramakda durnukly ösüşine ýardam edýän "UI GreenMetric" halkara sanawyna girdi. "UI GreenMetric" uniwersitetleriñ durnukly ösüşe goşýan goşandyna baha berýär.
Çeşme: education.gov.tm

2024-nji ýylda Türkmenistanyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi uniwersitetleriñ ekologiýa infrastrukturasyny kämilleşdirmek islegini, şeýle hem olaryñ daşky gurşawy goramakda durnukly ösüşine ýardam edýän "UI GreenMetric" halkara sanawyna girdi. "UI GreenMetric" uniwersitetleriñ durnukly ösüşe goşýan goşandyna baha berýär.

Bu sanaw Indoneziýa uniwersiteti tarapyndan 2010-njy ýylda döredildi.

Türkmenistanyñ ýokary okuw mekdepleriniñ arasynda Türkmenistanyñ Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersiteti hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti ýokary orunlara mynasyp boldylar. Olar dünýä sanawyndaky ilkinji 500 ýokary okuw mekdepleriniñ arasynda ýer eýeledi. Bu ýokary okuw mekdepler infrastruktura we bilim başlangyçlary ugurlary boýunça ýokary dereje görkezmegi başardylar.

Mundan başga-da, dunýäniñ ilkinji müñ ýokary okuw mekdepleriniñ sanawyna:

- Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasy;

- Türkmen oba hojalyk instituty;

- Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersiteti;

-Türkmenistanyñ Telekommunikasiýalar we informatika instituty;

- Türkmenistanyñ Inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýa instituty;

-Türkmen döwlet binagärçilik-gurluşyk instituty;

-Türkmenistanyñ döwlet energetika instituty;

-Türkmen döwlet maliýe instituty;

-Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk insituty

hem girdiler.

Türkmenistanyñ ýokary okuw mekdepleriniñ halkara sanawyna girizilmegi dolandyryş we bilim ulgamynda ekologiýa durnukly çemeleşmeleri ornaşdyrmak işleriñ işjeñ alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär. Şeýle hem ýurduñ halkara abraýyny pugtalandyryp, onuñ Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga çalyşýandygyny açyp görkezýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026