HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyñ Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersiteti "UI GreenMetric World University" sanawyndaky ornuny ýokarlandyrdy

Dekabr 14, 2024 | 11:05 |7107
Türkmenistanyñ Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersiteti durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak, tebigy serişdeleri rejeli ulanmak hem-de daşky gurşawy goramak meselelerine jogapkärçilikli çemeleşýär. Uniwersitetiñ bu ugurda alyp barýan işi diñe bir ýurtda däl, eýsem halkara arenasynda-da ýokary bahalara eýe bolýar. Muña bolsa uniwersitetiñ "UI GreenMetric World University" sanawyndaky üstünligini şaýatlyk edýär.Türkmenistanyñ Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersiteti durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak, tebigy serişdeleri rejeli ulanmak hem-de daşky gurşawy goramak meselelerine jogapkärçilikli çemeleşýär. Uniwersitetiñ bu ugurda alyp barýan işi diñe bir ýurtda däl, eýsem halkara arenasynda-da ýokary bahalara eýe bolýar. Muña bolsa uniwersitetiñ "UI GreenMetric World University" sanawyndaky üstünligini şaýatlyk edýär.
Çeşme: dlsud.edu.ph

Türkmenistanyñ Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersiteti durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak, tebigy serişdeleri rejeli ulanmak hem-de daşky gurşawy goramak meselelerine jogapkärçilikli çemeleşýär. Uniwersitetiñ bu ugurda alyp barýan işi diñe bir ýurtda däl, eýsem halkara arenasynda-da ýokary bahalara eýe bolýar. Muña bolsa uniwersitetiñ "UI GreenMetric World University" sanawyndaky üstünligini şaýatlyk edýär.

Şu ýyl Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersiteti 104 orun ýokary galyp, "UI GreenMetric World University" atly ýokary okuw mekdepleriniñ her ýylky durnukly ösüş dünýä sanawynda 328-nji orny eýeledi. Uniwersitet aşakdaky ugurlar boýunça jemi 7 400 utuk gazanmagy başardy:

Infrastruktura we binalar - 1 200 utuk;

Energiýa we howanyñ üýtgemegine garşy göreş - 1 475 utuk;

Galyndylary dolandyrmak - 1 125 utuk;

Suw serişdelerini dolandyrmak - 750 utuk;

Ekologiýa taýdan arassa ulag - 1 475 utuk;

Bilim we ylmy barlaglar - 1 375 utuk.

Bu gazanylan üstünlik Türkmenistanda döwlet derejesinde hem-de ýokary okuw mekdeplerinde ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça ylmyñ we bilimiñ ösdürilmegine uly ünsüñ berilýändigine şaýatlyk edýär.

UI Green Metric World University Ranking - bu uniwersitetleriñ ekologiýa infrastrukturasyny kämilleşdirmekdäki, şeýle hem olaryñ daşky gurşawy goramak babatda durnukly ösüşe ýardam etmekdäki çemeleşmelerini ölçeýän her ýylky sanawydyr.

UI Green Metric World University Ranking sanawynyñ döredijileri käbir ekologiýa meselelerini çözmekde daşky gurşawyñ durnukly ösüş syýasatyny alyp barmaga bolan zerurlygyna akademiki köpçüligiñ ünsüni çekmäge çalyşýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026