HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen-ýapon gatnaşyklary – üstünlikli hyzmatdaşlygyň we uly geljegiň mysaly

Dekabr 14, 2024 | 14:30 |65016
Türkmen-ýapon gatnaşyklary çuň köklere eýedir hem-de olary beritmegi dowam etdirýär, esasanam söwda we ykdysadyýet ugurlarynda güýçlenýär. Iki ýurt hem hyzmatdaşlykda özara ösüş üçin möhüm mümkinçilikleri görýärlerTürkmen-ýapon gatnaşyklary çuň köklere eýedir hem-de olary beritmegi dowam etdirýär, esasanam söwda we ykdysadyýet ugurlarynda güýçlenýär. Iki ýurt hem hyzmatdaşlykda özara ösüş üçin möhüm mümkinçilikleri görýärler
Çeşme: Orient.tm

Türkmen-ýapon gatnaşyklary çuň köklere eýedir hem-de olary beritmegi dowam etdirýär, esasanam söwda we ykdysadyýet ugurlarynda güýçlenýär. Iki ýurt hem hyzmatdaşlykda özara ösüş üçin möhüm mümkinçilikleri görýärler.

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde ýola goýuldy. Ilkinji ýyllar hyzmatdaşlygyň umumy ugurlarynyň döredilmegi, özara ýokary derejeli saparlar we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegi barada pikir alyşmak bilen bellendi. Şondan bäri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli we konstruktiw ösdi.

Häzirki wagtda türkmen-ýapon dialogy dürli medeni we taryhy däpleri bolan ýurtlaryň arasynda üstünlikli özara gatnaşyklaryň mysalydyr. Iki tarap hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýärler we onda uly mümkinçilikleri görýär.

1

ORIENT Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap SASAKI Hirosi bilen söhbetdeşligi hödürleýär.

Söhbetdeşligimizde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki meselelerine, hususan-da, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi barada durup geçeris.

Günüň dogýan ýurdunyň ilçisi gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky garaýyşlaryny paýlaşar we ýakyn wagtda durmuşa geçirilip bilinjek täze taslamalar barada aýdyp berer.

Bilermenleriň köpüsi täze tehnologiýalary ornaşdyrmakda şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary öz içine alýandygyna ynanýarlar.

Ýapon maýa goýumlaryny özüne çekmek bilen Türkmenistanyň kiçi we orta işewürligine goldaw bermek geljegi uly bolup görünýär. Şeýle hem, iki halkyň birek-birege uly höwes bilen gyzyklanýandygyny göz öňünde tutup, iki ýurduň arasyndaky syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmekde uly mümkinçilikler açylýar.

2

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026