

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň wekilleri Gazagystanda iş saparynda
Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň agzalygyna resmi kabul etmek dabarasyna hem-de ugurdaş halkara çärelerine gatnaşmak üçin Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň wekilleri 2024-nji ýylyň 16-19-njy dekabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherine iş saparyny amala aşyrýarlar.




















