HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň wekilleri Gazagystanda iş saparynda

Dekabr 18, 2024 | 10:10 |1333
Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň agzalygyna resmi kabul etmek dabarasyna hem-de ugurdaş halkara çärelerine gatnaşmak üçin Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň wekilleri 2024-nji ýylyň 16-19-njy dekabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherine iş saparyny amala aşyrýarlar.Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň agzalygyna resmi kabul etmek dabarasyna hem-de ugurdaş halkara çärelerine gatnaşmak üçin Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň wekilleri 2024-nji ýylyň 16-19-njy dekabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherine iş saparyny amala aşyrýarlar.
Çeşme: sportcom.gov.tm

Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň agzalygyna resmi kabul etmek dabarasyna hem-de ugurdaş halkara çärelerine gatnaşmak üçin Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň wekilleri 2024-nji ýylyň 16-19-njy dekabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherine iş saparyny amala aşyrýarlar.

2024-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Hemmeler üçin olimpiýa sporty we sport» atly halkara ylmy maslahatyna Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Almaty şäherinde iş saparynda bolýan wekilleri, şeýle hem ýokary okuw mekdebiniň binýadynda professor-mugallymlar, talyp ýaşlar wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdylar.

Ugurdaş çäreleriň hatarynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň dünýä jemgyýetçiliginde öňdebaryjy sport ugurly ýokary okuw mekdeplerini birleşdirýän Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň agzalygyna resmi kabul edilişik dabarasy, halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda bedenterbiýe we sport ugry boýunça mugallymlardyr tälimçiler üçin «Okuw-türgenleşik tapgyrlaryny guramagyň häzirki zaman çemeleşmeleri» atly hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary, sport boýunça ylmy-barlag institutynyň alyp barýan işleri bilen tanyşlyk, Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasy bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak ýaly möhüm ugurlar göz öňünde tutulýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026