HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Ýaponiýa ykdysady hyzmatdaşlygyň täze gerimini gurýarlar

Dekabr 17, 2024 | 23:45 |8876
17-nji dekabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisiniň çäginde öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen netijeli duşuşyklar geçirildi17-nji dekabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisiniň çäginde öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen netijeli duşuşyklar geçirildi
Çeşme: orient.tm

17-nji dekabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisiniň çäginde öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen netijeli duşuşyklar geçirildi.

Gatnaşanlar ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we bilelikdäki işiň geljegi uly ugurlaryny beýan etdiler. Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ep-esli derejede pugtalanandygy we ýurtlarymyzyň arasynda söwda dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmak meýliniň bardygy bellenildi.

17122024-turkmenistan-i-yaponiya (1).jpg

Hökümet agzalary we birnäçe pudak edaralaryň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklarda energetika, ulag we kommunikasiýa, senagat, oba hojalygy we gurluşyk, maliýe we maýa goýum ýaly möhüm pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine aýratyn üns berildi.

Hususan-da, taraplar kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdiler.

Ýaponiýanyň wekiliýetiniň Türkmenistana sapary dowam edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026