HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

OpenAI kompaniýasy özboluşly ChatGPT Search gözleg ulgamy bilen tanyşdyrdy

Dekabr 17, 2024 | 12:15 |5536
OpenAI amerikan kompaniýasy ähli ulanyjylar üçin ChatGPT emeli añly çat-bot arkaly Internet-gözlegini dötetdi.OpenAI amerikan kompaniýasy ähli ulanyjylar üçin ChatGPT emeli añly çat-bot arkaly Internet-gözlegini dötetdi.
Çeşme: 3dnews.ru

OpenAI amerikan kompaniýasy ähli ulanyjylar üçin ChatGPT emeli añly çat-bot arkaly Internet-gözlegini dötetdi.

Bu bolsa gözleg ulgamlarynyñ dünýä bazarynda liderligi saklaýan Google kompaniýasyna açyk çagyryş.

ChatGPT Search çat-botyñ ýa-da hyzmat ediş ulgamynyñ web görnüşiniñ ykjam gollanmasynda öz akkaundyna giren islendik ulanyjy üçin elýeterli bolar. Ozal ChatGPT arkaly Internet-gözlegi diñe tölegli müşderiler üçin elýeterlidi.

Ulanyjylar ChatGPT arkaly gözlegden peýdalanyp, degişli web-çeşmelere salgylanan tiz we döwrebap jogaplary alyp bilerler.

ChatGPT haýyşnamasy adaty ýagdaýda girizilýär. Internetde berlen sorag boýunça jogap gözlemelidigini çat-botyñ özi kesgitleýär. Şeýle hem, çat-bot gözleg şertlerini anyklap, netijeler boýunça has jikme-jik maglumatlary taýýarlap bilýär.

Mundan başga-da, ChatGPT Search gözlegini öz web-brauzeryñ üçin gaýybana gözleg ulgamy edip bolar.

Gözleg ulgamynyñ tanyşdyrylyşy OpenAI kompaniýasynyñ 12 günlik bildiriş marafonynyñ bir bölegidir. Ozal köpçülige Sora atly emeli añyñ kömegi bilen wideo döretmek üçin guraly hödürlenildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026