Habarlar

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy Abu-Dabidäki ADIPEC-2024 Bütindünýä energetika sergisine we maslahatyna gatnaşýarTürkmenistanyň nebit-gaz pudagy Abu-Dabidäki ADIPEC-2024 Bütindünýä energetika sergisine we maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy Abu-Dabidäki ADIPEC-2024 Bütindünýä energetika sergisine we maslahatyna gatnaşýar

ADIPEC sergisi (Abu Dhabi International Petroleum Exhibition and Conference) nebit-gaz pudagynda dünýäniň iň uly meýdançalarynyň biri bolup, her ýylda bütin dünýäniň iri energetika kompaniýalarynyň öňdebaryjy bilermenleriniň, liderleriniň we wekilleriniň on müňlerçesini ýygnaýar. Abu-Dabide 4-7-nji noýabr aralygynda geçirilip, ol derwaýys mowzuklary, şol sanda iň täze nebit-gaz tehnologiýalary, durnukly ösüş, maýa goýum mümkinçilikleri we energetika geçiş meselelerini öz içine alýar. ADIPEC-2024 ählumumy ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak we energetika pudagy boýunça strategik hyzmatdaşlyklary ýola goýmak üçin möhüm halkara meýdançasy hökmünde ýene bir gezek öz wajyplygyny tassyklady.

Resmi däl bilimiň ykrar edilmegi: Türkmenistan Fransiýanyň Lion şäherindäki halkara seminara gatnaşdyResmi däl bilimiň ykrar edilmegi: Türkmenistan Fransiýanyň Lion şäherindäki halkara seminara gatnaşdy

Resmi däl bilimiň ykrar edilmegi: Türkmenistan Fransiýanyň Lion şäherindäki halkara seminara gatnaşdy

Fransiýanyň Lion şäherinde 2024-nji ýylyň 5-7-nji noýabry aralygynda geçirilen “Resmi däl bilimi we özbaşdak öwrenilen hünär endiklerini ykrar etmek ulgamyny kämilleşdirmek” boýunça halkara seminara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ygtyýarlylandyrmak we bilim hakynda daşary ýurt resminamalaryny ykrar etmek bölüminiň başlygy T.Gulamow gatnaşdy.

Abu-Dabide “Türkmenistanyň täjirçilik, işewürlik we maýa goýum mümkinçilikleri baradaky Bütindünýä forumy” geçirilýärAbu-Dabide “Türkmenistanyň täjirçilik, işewürlik we maýa goýum mümkinçilikleri baradaky Bütindünýä forumy” geçirilýär

Abu-Dabide “Türkmenistanyň täjirçilik, işewürlik we maýa goýum mümkinçilikleri baradaky Bütindünýä forumy” geçirilýär

Abu-Dabide hökümet edaralarynyň we işewürligiň wekilleriniň gatnaşmagynda “Türkmenistanyň täjirçilik, işewürlik we maýa goýum mümkinçilikleri baradaky Bütindünýä forumy” geçirilýär. Forum esasy işi ösüp barýan bazarlarda durnukly ykdysady ösüşine gönükdirilen Nielsonsmith kompaniýasy bilen bilelikde guraldy.