HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystanda syrgyn wagty 95 ulag zynjyrlaýyn çaknyşdy

Ýanwar 04, 2025 | 12:50 |6870
Gazagystanyñ Kogam we Karatal obalarynyñ arasyndaky Astana-Şuçinks ýolunda ümrüñ we ygally howanyñ netijesinde takmynan ýüz ulag çaknyşdy.Gazagystanyñ Kogam we Karatal obalarynyñ arasyndaky Astana-Şuçinks ýolunda ümrüñ we ygally howanyñ netijesinde takmynan ýüz ulag çaknyşdy.
Çeşme: ku66.ru

Gazagystanyñ Kogam we Karatal obalarynyñ arasyndaky Astana-Şuçinks ýolunda ümrüñ we ygally howanyñ netijesinde takmynan ýüz ulag çaknyşdy.

Deslapky maglumatlara görä, howanyñ ýaramazlaşmagy bilen ýol sagat 07:00-da ýapyldy. Günortan ýolda galan sürüjileriñ ýanyna ýörite tehnikaly polisiýa gullugy kömege geldi. Kerwen Şuçinsk tarapa ugrap, bir sagatdan soñra ýol heläkçiligi bolup geçdi.

Deslapky maglumatlara laýyklykda, sürüjileriñ biri tizligini ýokarlandyryp, zynjyrlaýyn çaknyşygy döretdi. Gazagystanyñ Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiñ berýän maglumatlaryna görä, wakanyñ bolup geçen ýerinde 48 halas edijiler we ýörite tehnikanyñ 16 birlikleri işläp dur. Ulaglaryñ ewakuasiýasy geçirilýär, sürüjiler üçin ýyladyş nokatlary açyldy. Iki sany heläkçilige ugran adamlaryñ hassahana ýerleşdirilendigi barada habar berilýär.

Köpçülikleýin ýol heläkçiliginiñ netijesinde köpkilometrlik dyknyşygy emele geldi. Ýol 20 sagatlyk ýapyldy. Şeýle-de, howanyñ ýaramazlaşmagy sebäpli Gazagystanyñ alty welaýatynda 11 sany awtoýollar ýapyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026