HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi 2025-nji ýylyň önümçilik senenamasyny neşir etdi

Ýanwar 04, 2025 | 13:25 |12474
Senenama laýyklykda, 2025-nji ýylda Türkmenistanda 12 sany baýramçylyk iş däl günleri bolarSenenama laýyklykda, 2025-nji ýylda Türkmenistanda 12 sany baýramçylyk iş däl günleri bolar
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi öz resmi saýtynda 2025-nji ýylyň önümçilik senenamasyny neşir etdi.

Iş wagtynyň ölçegleri 8 sagatlyk iş gününden ugur alnyp bäş günlük 40 sagatlyk iş hepdesiniň, 7 sagatlyk iş gününden ugur alnyp alty günlük 40 sagatlyk iş hepdesiniň we 6 sagatlyk iş gününden ugur alnyp alty günlük 36 sagatlyk iş hepdesiniň senenamasy boýunça hasaplanandyr.

Senenama laýyklykda, 2025-nji ýylda Türkmenistanda 12 sany baýramçylyk iş däl günleri bolar:

1-nji ýanwar - Täze ýyl baýramy;

8-nji mart - Halkara zenanlar güni;

21-22-nji mart - Milli bahar baýramy;

30-njy mart - Oraza baýramy;

18-nji maý - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni;

6-7-8-nji iýun - Gurban baýramy;

27-nji sentýabr - Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni;

6-njy oktýabr - Hatyra güni;

12-nji dekabr - Halkara bitaraplyk güni.

Şu günleriň öňündäki günüň iş wagty Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 61-nji maddasyna laýyklykda 1 sagat ir tamamlanmalydyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

13:15 Awgust 16, 2026
Gümrük işgärleri Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça Orta geçelgäniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türgenleşik geçirdiler

Gümrük işgärleri Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça Orta geçelgäniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türgenleşik geçirdiler

13:05 Awgust 16, 2026
Özbegistan bilen Türkmenistan üstaşyrmalary ýeňilleşdirmek we göni howa gatnawlaryny ýola goýmak barada ylalaşýarlar

Özbegistan bilen Türkmenistan üstaşyrmalary ýeňilleşdirmek we göni howa gatnawlaryny ýola goýmak barada ylalaşýarlar

13:02 Awgust 16, 2026