HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Redmi Turbo 4 atly täze telefon çykdy

Ýanwar 04, 2025 | 15:24 |6052
2-nji ýanwarda Redmi 2025-nji ýyldaky ilkinji smartfony – Redmi Turbo 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy. Şol bir wagtyň özünde binýadynda MediaTek Dimensity 8400-Ultra bir kristally ulgamy bolan dünýäde ilkinji enjam boldy. Redmi Turbo 4-iň premýerasynyň öňüsyrasynda enjamyň synagy Geekbench-de peýda boldy we bu bençmarkanyň (enjamyň işleýşi üçin synaglar) köp tapgyrly synagynda smartfon Samsung Galaxy S24 bilen deň bal gazandy. Başgaça aýdylanda, “Dimensity 8400-Ultra”-yň öndürijiligi “Snapdragon 8 Gen 3”-den pes bolsa, o diýen güýçli däl2-nji ýanwarda Redmi 2025-nji ýyldaky ilkinji smartfony – Redmi Turbo 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy. Şol bir wagtyň özünde binýadynda MediaTek Dimensity 8400-Ultra bir kristally ulgamy bolan dünýäde ilkinji enjam boldy. Redmi Turbo 4-iň premýerasynyň öňüsyrasynda enjamyň synagy Geekbench-de peýda boldy we bu bençmarkanyň (enjamyň işleýşi üçin synaglar) köp tapgyrly synagynda smartfon Samsung Galaxy S24 bilen deň bal gazandy. Başgaça aýdylanda, “Dimensity 8400-Ultra”-yň öndürijiligi “Snapdragon 8 Gen 3”-den pes bolsa, o diýen güýçli däl
Çeşme: redmishop.ru

2-nji ýanwarda Redmi 2025-nji ýyldaky ilkinji smartfony – Redmi Turbo 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy. Şol bir wagtyň özünde binýadynda MediaTek Dimensity 8400-Ultra bir kristally ulgamy bolan dünýäde ilkinji enjam boldy. Redmi Turbo 4-iň premýerasynyň öňüsyrasynda enjamyň synagy Geekbench-de peýda boldy we bu bençmarkanyň (enjamyň işleýşi üçin synaglar) köp tapgyrly synagynda smartfon Samsung Galaxy S24 bilen deň bal gazandy. Başgaça aýdylanda, “Dimensity 8400-Ultra”-yň öndürijiligi “Snapdragon 8 Gen 3”-den pes bolsa, o diýen güýçli däl.

Redmi Turbo 4-iň dizaýn aýratynlygy esasy kamera bölüminde gurlan yşyklandyryş ulgamydyr: iki sany LED halka linzalary gurşap alýar, dürli reňklerde ýalpyldawuk we dürli funksiýalary ýerine ýetirip biler – hadysanyň görkezijisi hökmünde çykyş edip, aýdym-sazyň ýa-da batareýa zarýady barada habar berende ýalpyldaýar.

Redmi Turbo 4 diagonaly 6,67 dýuým we durulygy 2712 x 1220 piksel bolan OLED ekrany aldy, iň ýokary lokal ýagtylygy 3200 kd/kw.m. Ekranyň kadr ýygyly 120 Hz, IGM sazlaýyş ýygylygy 1920 Hz. Ekrany çygly eller bilen dolandyryp bolýar.

Redmi Turbo 4-de 6550 mAh akkumulýatora eýe boldy we bir gyzykly aýratynlygy bar. Ýörite çip temperatura ýagdaýa gözegçilik etýär we Xiaomi SU7 elektro mobildaky ýaly bu ýerde batareýany otrisatel temperaturada çalt gyzdyrylýar. Şonuň üçin öndüriji batareýanyň -35 ° C temperaturada işläp biljekdigini aýtýar. Akkumulýatoryň özi 1600 zarýad tapgyry we zarýad üçin niýetlenendir. Kuwwatlygy 90 Wt zarýad bermegi goldaýar we batareýa doly zarýad üçin bary-ýogy 45 minut gerek.

Smartfonyň öňindäki kamerasy 20 megapikselli OmniVision OV20B sensorly, esasy kamerada 50 megapiksel (Sony LYT-600) we 8 megapiksel (SC820CS) durulykda datçikler oturdylan. Barmak yzynyň skaneri ekranyň aşagynda. Enjam IP68/IP69 gorag, stereo dinamiki, güýçli wibromotory, Wi-Fi 6, Bluetooth 6.0, NFC we infragyzyl şöhlelenme, Android 15 biýatly HyperOS 2 aldy. Smartfonyň ölçegleri – 160,95 x 75,24 x 8.06 mm, agramy – 203,5 gr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026
Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

23:16 Iýul 30, 2026