

Britaniýaly bilermenler türkmen mugallymlaryna we talyplaryna hünär kämilleşdiriş okuw sapaklaryny geçdi
Wise-kansler Endrýu Linnonyň ýolbaşçylygyndaky Westminster uniwersitetiniň wekiliýeti Türkmenistana geldi. Britaniýanyň ýokary okuw jaýlarynyň wekilleri 19-25-nji ýanwar aralygynda dowam etýän saparyň çäginde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary we talyplary üçin hünär kämilleşdiriş okuw sapaklaryny geçidiler




















