

Türkmenistanda howanyň üýtgemegi boýunça konseptual bellikler bilen tanyşdyryldy
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda BMG-niň Ösüş Maksatnamasy hem-de Ýaşyl Klimat Gaznasy tarapyndan durmuşa geçirilýän “Türkmenistanda milli uýgunlaşma meýilnamalaşdyryş işini ösdürmek” atly taslamanyň çäklerinde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly mowzuklar boýunça konseptual bellikler bilen tanyşdyrmak üçin tegelek stol geçirildi.




















