Habarlar

Hazar ykdysady forumynyñ netijeleri: Tähranda bäş ýurduñ arasynda baglaşylan ylalaşyklarHazar ykdysady forumynyñ netijeleri: Tähranda bäş ýurduñ arasynda baglaşylan ylalaşyklar

Hazar ykdysady forumynyñ netijeleri: Tähranda bäş ýurduñ arasynda baglaşylan ylalaşyklar

17-18-nji fewral aralygynda Tähranda Üçünji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Oňa gatnaşyjylar hazarýaka döwletleriniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, söwda mukdaryny artdyrmak, ulag ugurlaryny ösdürmek we tranzit gatnawlaryny ýokarlandyrmak, energetika serişdelerini bilelikde ulanmak, Hazar deňziniň tebigy serişdelerini durnukly dolandyrmak we daşky gurşawy goramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmen wekiliýeti Germaniýada hassahana işiniň sanlylaşdyrylyşy bilen tanyşdylarTürkmen wekiliýeti Germaniýada hassahana işiniň sanlylaşdyrylyşy bilen tanyşdylar

Türkmen wekiliýeti Germaniýada hassahana işiniň sanlylaşdyrylyşy bilen tanyşdylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabat şäherinde täze gurulýan 500 orunlyk Halkara Onkologiýa ylmy-kliniki merkezine bolan iş sapary döwründe bu merkezde bir bitewi seljeriş-intellektual bölümi döretmek barada tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekillerinden ybarat bolan topar 2025-nji ýylyň 3-15-nji fewralynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hassahanalarynda we klinikalarynda iş sapary bilen boldular. Bu barada Türkmenistanyň bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.