Türkmenistan Hazarýaka ýurtlaryna bilelikdäki logistika merkezlerini döretmegi teklip etdi


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Tähranda geçirilen III Hazar ykdysady forumynda eden çykyşynda Hazaraýka ýurtlaryna bilelikdäki logistika merkezlerini we meýdançalaryny döretmek mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.
Wise-premýer Hazar deňziniň gündogar kenarynyň ugry boýunça Eýrana we ondan aňryk Hindi ummanynyň deňiz portlaryna çykýan Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesiniň, şeýle hem Hazarüsti halkara ulag ugrynyň taslamalarynyň ähmiýetini nygtady.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny we Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek şeýle hem Çalşykly dolanyşykdaky ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny işläp düzmek boýunça başlangyçlaryna gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.
Ykdysady forumyň plenar mejlisiniň gün tertibinde Hazarýaka sebitindäki söwda-ykdysady ugurda hyzmatdaşlyk, ulag infrastrukturasy, energetika, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak we beýlekiler esasy meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref tarapyndan kabul edildi.
ORIENT








