HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý şäherinde ahalteke bedewleriň gatnaşmagynda at çapyşyklar geçirildi

Fewral 20, 2025 | 13:10 |6159
Täze ýylyň başlanmagy bilen, Hytaýyň Linýi şäherinde ýatdan çykmajak atçylyk çäresi geçirildi. 2025-nji ýylyň 15-nji fewralynda Linýi şäheriniň Tançen uýezdinde ahalteke bedewleri köpeltmek bazasynda “Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk at çapyşyklary – täze belentliklere tarap” atly at ýaryşlary üstünlikli tamamlandy.Täze ýylyň başlanmagy bilen, Hytaýyň Linýi şäherinde ýatdan çykmajak atçylyk çäresi geçirildi. 2025-nji ýylyň 15-nji fewralynda Linýi şäheriniň Tançen uýezdinde ahalteke bedewleri köpeltmek bazasynda “Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk at çapyşyklary – täze belentliklere tarap” atly at ýaryşlary üstünlikli tamamlandy.
Çeşme: mp.weixin.qq.com

Täze ýylyň başlanmagy bilen, Hytaýyň Linýi şäherinde ýatdan çykmajak atçylyk çäresi geçirildi. 2025-nji ýylyň 15-nji fewralynda Linýi şäheriniň Tançen uýezdinde ahalteke bedewleri köpeltmek bazasynda “Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk at çapyşyklary – täze belentliklere tarap” atly at ýaryşlary üstünlikli tamamlandy.

Ýaryşlar Linýi şäheriniň Atçylyk sport birleşiginiň, Tançen uýezdiniň Medeniýet we syýahatçylyk müdirliginiň, ýerli dolandyryş edaralary we ýerli media merkeziniň hemaýaty bilen Linýi şäheriniň Sport birleşiginiň ýolbaşçylygynda guraldy. Hytaýyň Szýansu, Şandun we Anhoý ýaly üç sany goňşy welaýatlaryndan 60-dan gowrak çapyksuwarlar bu ýaryşlara gatnaşdy.

1

Bu diňe bir sport ýaryşy bolman, eýsem sebiti atçylyk sporty arkaly birleşdirýän medeni alyş-çalşygy üçin möhüm waka boldy. Linýi şäheriniň Atçylyk sport birleşiginiň prezidenti, şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk birleşigiiň agzasy Ýan Weýsiniň belleýşi ýaly, Hytaýyň ahalteke bedewlerini köpeltmek merkezi bu özboluşly tohumyň sanyny köpeltmek boýunça uly iş amala aşyrdy.

Bu ýaryşa giň köpçüligi çekmek üçin köpsanly ugurlar göz öňünde tutuldy. Çäräniň maksatnamasy tejribeli çapyksuwarlaryň hem-de täze başlanýanlaryň gatnaşmagynda hem ýokary taýýarlykly ýaryşlary, hem-de höwesjeňler toparlaryny öz içine aldy.

2

Ýaryşyň çäklerinde tizlik boýunça hem-de uzak aralyk at çapyşyklary geçirildi. Bu hem tomaşaçylara atçylyk sportuň bütin gözelligini we herketini duýmaga mümkinçilik berdi. Ahalteke bedewlerini köpeltmek boýunça hytaý bazasynyň tebigy artykmaçlyklaryny hasaba almak bilen, guramaçylar maksatnama “atçylyk-syýahatçylyk” çärelerini hem girizdiler.

Gatnaşyjylar we tomaşaçylar diňe bir at çapyşyklaryň ajaýyplylygyny synlamaga däl-de, eýsem ahalteke bedewler we beýleki seýrek duş gelýän at tohumlary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026