Habarlar

Türkmenistanyň küşt boýunça çempionatynyň birinji ligasy ýakymly täsirler bilen tamamladyTürkmenistanyň küşt boýunça çempionatynyň birinji ligasy ýakymly täsirler bilen tamamlady

Türkmenistanyň küşt boýunça çempionatynyň birinji ligasy ýakymly täsirler bilen tamamlady

Maryda açyk derejede Türkmenistanyň Küşt boýunça çempionatynyň biriji ligasynyň ýaryşy, şeýle hem milli çempionatyň abraýly ýokary ligasyna gatnaşmak üçin saýlama tapgyry tamamlandy. Ozal açyk birinji liga erkekler ýaryşy hökmünde geçirilen bolsa, indi oňa zenanlar hem gatnaşyp biler. Bäsleşik 26-njy ýanwardan 1-nji fewral aralygynda geçirildi we 70 gatnaşyjy bire ýere jemledi, olaryň 16-sy zenanlardy

Duşanbe şäherinde suw hojalyk toparynyň 88-nji mejlisi: ara alnyp maslahatlaşylan meseleler we kabul edilen çözgütlerDuşanbe şäherinde suw hojalyk toparynyň 88-nji mejlisi: ara alnyp maslahatlaşylan meseleler we kabul edilen çözgütler

Duşanbe şäherinde suw hojalyk toparynyň 88-nji mejlisi: ara alnyp maslahatlaşylan meseleler we kabul edilen çözgütler

2024-2025-nji ýyllaryň ösümlikleriň ösüşara möwsümleriniň aralygynda Syrderýa we Amyderýa derýalarynyň jülgelerindäki suw howdanlarynyň iş tertibi we çäkleri Täjigistanyň Duşanbe şäherinde 2025-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda geçirilen Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň (DUSHT) 88-nji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmen  halkynyň Milli Lideri  Arkadag şäherine  iş saparyny amala aşyrdyTürkmen  halkynyň Milli Lideri  Arkadag şäherine  iş saparyny amala aşyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Düyn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Milli Liderimiz şäherde gurluşyk işlerine gatnaşýan dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşyp, olaryň alyp barýan işleri, öňde durýan wezipeler barada pikir alyşdy.

RF-niň Goranmak ministrligi: Sewastopolyň azat edilmeginde türkmen atyjy brigadasy möhüm orny eýelediRF-niň Goranmak ministrligi: Sewastopolyň azat edilmeginde türkmen atyjy brigadasy möhüm orny eýeledi

RF-niň Goranmak ministrligi: Sewastopolyň azat edilmeginde türkmen atyjy brigadasy möhüm orny eýeledi

Sewastopolyň azat edilmeginde 87-nji aýratyn türkmen atyjy brigadasy möhüm orny eýeledi. Bu barada SSSR-iň soýuz respublikalarynyň esgerleriniň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişe goşan goşandy barada gürrüň berýän, RF-niň Goranmak ministrliginiň Merkezi arhiwiniň gaznalaryndan mälim edilen gizlin resminamalarda beýan edilýär diýip, TASS habar berýär