HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Mary welaýatynyň OHOM-niň talyplary üçin “Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça bäsleşik geçirilýär

Mart 15, 2025 | 14:00 |2985
Talyp ýaşlaryň öwrenen nazary we amaly bilimlerini döredijilikli kämilleşdirmek we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň mart aýynyň 28-ine sagat 13:00-da Mary welaýatynda ýerleşýän orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça ders bäsleşigi geçirilýärTalyp ýaşlaryň öwrenen nazary we amaly bilimlerini döredijilikli kämilleşdirmek we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň mart aýynyň 28-ine sagat 13:00-da Mary welaýatynda ýerleşýän orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça ders bäsleşigi geçirilýär
Çeşme: elearning-adbi.org

Talyp ýaşlaryň öwrenen nazary we amaly bilimlerini döredijilikli kämilleşdirmek we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň mart aýynyň 28-ine sagat 13:00-da Mary welaýatynda ýerleşýän orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça ders bäsleşigi geçirilýär.

Bu ders bäsleşigine Mary welaýatynyň orta hünär okuw mekdeplerinden isleg bildiren 3 (üç) talyp gatnaşyp bilýär. Bäsleşik Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty tarapyndan düzülen test soraglaryndan ybarat bolup, gatnaşyjylara diňe syýa galam getirmäge we ulanmaga rugsat berilýär.

Gatnaşyjylara aragatnaşyk serişdelerini, elektron-hasaplaýjy tehnikany, foto, audio we wideo enjamlaryny, gözükdiriji serişdeleri hem-de maglumat göterijileri, aragatnaşyk geçiriji islendik serişdeleri ulanmaga rugsat berilmeýär.

Bäsleşige gatnaşýan talyplar ýumuşlary özbaşdak işlemelidirler. Goşmaça kömek edilen ýa-da geçýän wagty gapdalyndaky ýoldaşy bilen gürleşen we kitap-gazet makalalaryny ulanan gatnaşyjy bäsleşige gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylýar;

Ýaryşa gatnaşjak talyplar we olara berkidilen jogapkär mugallym baradaky maglumatlary 2025-nji ýylyň mart aýynyň 24-ine çenli aşakda görkezilen görnüşinde word (*.docx) faýlynda marymaliyeohomekdep@sanly.tm; marymaliyeohomekdep@gmail.com salgysyna ugratmaly.

Bäsleşigiň netijesi beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda gatnaşyjylaryň 30%-i ýeňiji diýip yglan edilýär we olar I, II we III derejeli diplomlar bilen şeýle-de ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanarlar.

Habarlaşmak üçin Tel: +993 564 6 92 96; +993 62 30 95 59.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026