HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşary ýurtly dizaýnerler Aşgabatda geçiriljek moda görkezilişine gatnaşarlar

Mart 15, 2025 | 11:20 |5613
Moda görkezilişinde Italiýanyň, Marokko Patyşalygynyň, Fransiýanyň, Oman Soltanlygynyň öňdebaryjy dizaýnerleriniň toplumlary moda söýüjilere hödürleniler.Moda görkezilişinde Italiýanyň, Marokko Patyşalygynyň, Fransiýanyň, Oman Soltanlygynyň öňdebaryjy dizaýnerleriniň toplumlary moda söýüjilere hödürleniler.
Çeşme: orient.tm

2025-nji ýylyň 17 — 19-njy mart aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli Birleşmäniň agzalarynyň sergisi hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler. Şeýle-de bu çäreleriň çäklerinde ilkinji gezek döwrebap lybaslaryň halkara moda görkezilişi hem guralar. Munuň özi moda biparh bolmadyk halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň sanawyna girizilen Aşgabada gönükdirer.

Moda dünýäsinde ýylyň esasy wakalaryň birine öwrülmegine garaşylýan bu çärä türkmen we dünýä modasynyň öňdebaryjy dizaýnerleriniň, daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Hususan-da, halkara moda görkezilişiň çäklerinde Türkmenistanyň Dokma ministrliginiň Modalar öýüniň, şeýle-de «Mähirli Zenan», «Jennet tagty», «Mynasyp», «Nagyşly güzer», «Gölli», «Aina Sari», «Aýperi» ýaly modalar öýleriniň dizaýnerleri tarapyndan milli däpleri döwrebap biçüwler bilen utgaşdyrylyp taýýarlanylan lybaslar görkezilişe çykarylar. Şu günler bu dabara aýratyn taýýarlyk görýän türkmen dizaýnerleri özleriniň nepis türkmen keşdeleri bilen bezelen, moda äleminiň iň soňky ýörelgelerinden ugur alnyp taýýarlanylan lybaslarynyň daşary ýurtly meşhur dizaýnerleri hem biparh goýmajakdygyny ynam bilen aýdýarlar.

Şeýle-de halkara moda görkezilişinde Italiýanyň, Marokko Patyşalygynyň, Fransiýanyň, Oman Soltanlygynyň öňdebaryjy dizaýnerleriniň toplumlary moda söýüjilere hödürleniler. Aýratyn bellenilmeli tarapy, Aşgabatda geçiriljek bu halkara moda görkezilişi moda dünýäsiniň abraýly neşirleridir teleýaýlymlary tarapyndan giňden şöhlelendiriler. Olaryň hatarynda «Al Arabiya TV», «Al Dubai Arabiya TV», «Fashion TV» teleýaýlymlary, «Vanity Fair», «Vogue», «MARIE CLAIRE ARABIA», «GRAZIA», «HELLO RUSSIA», «ELLE» žurnallary we «FASHION NETWORK» gazeti bar.

Guramaçylyk topary tarapyndan taýýarlanylan ýörite maksatnama esasynda daşary ýurtly myhmanlar ak mermere beslenen türkmen paýtagtynyň gözel künjekleri bilen tanyşmaga hem mümkinçilik alarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026