HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýurdumyzyň hususy pudagynyň maýa goýum mümkinçilikleri ýokarlanýar

Mart 15, 2025 | 13:35 |4866
2025-nji ýylyň 18-nji martynda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum geçiriler.2025-nji ýylyň 18-nji martynda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum geçiriler.
Çeşme: orient.tm

2025-nji ýylyň 18-nji martynda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum geçiriler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli guraljak serginiň we maslahatyň çäklerinde geçiriljek IFT-2025 Türkmenistanyň hususy böleginiň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak hem-de döwlet we hususy bölekleriniň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýmak üçin möhüm meýdança bolup durýar.

Forum ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin tanymal maýadarlary, telekeçileri, maliýe edaralarynyň we döwlet düzümleriniň wekillerini ýygnar. Munuň özi, Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiligine gyzyklanmanyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Bu waka ählumumy ykdysady giňişlikde ýurdumyzyň möhüm ähmiýetli ornuny ýüze çykaryp, öňdebaryjy halkara maliýe institutlary bilen birlikde, maýadarlaryň we bilermenleriň giň toparlarynyň hem ünsüni çekýär.

Iri möçberli forum halkara guramalardyr maliýe institutlary bilen birlikde, Russiýanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Fransiýanyň, Türkiýäniň, Germaniýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň, Estoniýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Azerbaýjanyň, Ukrainanyň, Owganystanyň, Niderlandlaryň, Belarusyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň wekillerini bir ýerde jemlär.

Meşhur habarlar gulluklary hem forumyň işine işjeň gatnaşyp, ony dünýä giňişliginde şöhlelendirmäge goşant goşarlar. Bu bolsa forumyň dünýä derejesindäki maýa goýum giňişliginde ähmiýetlidigini aýdyň ýüze çykarar.

Foruma gatnaşyjylara senagat, ulag, oba hojalyk, maglumat tehnologiýalary we beýleki pudaklardaky ileri tutulýan taslamalar bilen tanyşmaga, hususy işewürligi goldamak boýunça çäreleri öwrenmäge, halkara we ýerli maýadarlar, maliýe institutlary we işewürligiň wekilleri bilen gatnaşyklary ýola goýmaga, sebitde işewürligi alyp barmagyň, maýa goýum etmegiň iň gowy dünýä tejribelerine bagyşlanan bilermenleriň maslahatlaşmalaryna mümkinçilik berler.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň işewürliginiň wekilleri mümkin bolan maýadarlara we hyzmatdaşlara öz taslamalaryny hödürlärler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026