HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ermenistanda «Eho Ýewraziýa-Kinofest» kinoforumy geçirildi

Mart 15, 2025 | 04:20 |4480
«Eho Ýewraziýa-Kinofest» kinoforumy, «Ýewraziýa» awtonom täjirrçilik däl guramasy tarapyndan gurnalan çärä, 11-13 mart aralygynda Ýerewanda geçirildi diýip, Sputnik Armenia habar berýär«Eho Ýewraziýa-Kinofest» kinoforumy, «Ýewraziýa» awtonom täjirrçilik däl guramasy tarapyndan gurnalan çärä, 11-13 mart aralygynda Ýerewanda geçirildi diýip, Sputnik Armenia habar berýär
Çeşme: sputnik

«Eho Ýewraziýa-Kinofest» kinoforumy, «Ýewraziýa» awtonom täjirrçilik däl guramasy tarapyndan gurnalan çärä, 11-13 mart aralygynda Ýerewanda geçirildi diýip, Sputnik Armenia habar berýär. Multimedia metbugat merkezinde geçirilen ýygnakda, «Ýewraziýa» guramasynyň medeni gatnaşyklar we halkara taslamalar bölüminiň ýolbaşçysy Wýaçeslaw Matweýçuk bu ýyl kinoforumyň eýýäm Gyrgyzystanda we Abhaziýada guralandygyny, Ýerewandan soň bolsa Minsk şäherinde dowam etdiriljekdigini aýtdy. Festiwalyň maksatnamalaýyn direktory Aleksandra Žukowa her bir şäherdäki kinoforumyň maksatnamasynyň üýtgeşikdigini belläp geçdi. Film görkezilişlerinden başga-da, pikir alyşmalar, tegelek stollar we ussatlyk sapaklary guralýar.

Bu kinoforum kinematografiýa bilen gyzyklanýan adamlary birleşdirýär we Soçide geçiriljek indiki kinofestiwala taýýarlyk hökmünde hyzmat edýär. Çäräniň çäginde 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Moskwada geçirilen «Ýewraziýa-Kinofest» festiwalynyň ýeňiji filmleri görkezilýär. Şol festiwala 18 ýurtdan 250-den gowrak kinematografiýa hünärmeni we bilermeni gatnaşdy.

Ýerewandaky metbugat ýygnagynda Soçide geçiriljek ikinji «Ýewraziýa-Kinofest» boýunça işleriň işjeň alnyp barylýandygy habar berildi. Festiwal 6-13 iýul aralygynda geçiriler. Şu ýyl onuň geografiýasy giňeldilip, ÝYB ýurtlaryndan başga-da, BRIKS ýurtlaryndan hem filmler maksatnama girizildi.

Kinoforumyň esasy maksady — post-sowet giňişliginde integrasiýa proseslerini güýçlendirmek bilen birlikde halklaryň milli aýratynlyklaryny gorap saklamak, tomaşaçylaryň öz ýurtlarynyň taryhyna, däp-dessurlaryna we medeni gymmatlyklaryna bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak, şeýle hem täze we zehinli kinematograflary ýüze çykarmak we olara hünär taýdan goldaw bermek bolup durýar. Şeýle-de, kinoforumyň çäklerinde hödürlenýän eserler ruhy we estetiki täzeligi özünde jemleýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026