HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Merkezi Aziýa — Hytaý” II sammiti 17-nji iýunda Astanada geçiriler

Iýun 12, 2025 | 22:40 |4625
17-nji iýunda Gazagystanyň paýtagty Astanada “Merkezi Aziýa – Hytaý” II sammiti geçiriler. Bu barada Gazagystanyň KHBS Akorda salgylanyp habar berýär. Oňa alty ýurduň döwlet Baştutanlary gatnaşar: Hytaý, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan17-nji iýunda Gazagystanyň paýtagty Astanada “Merkezi Aziýa – Hytaý” II sammiti geçiriler. Bu barada Gazagystanyň KHBS Akorda salgylanyp habar berýär. Oňa alty ýurduň döwlet Baştutanlary gatnaşar: Hytaý, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan
Çeşme: globaltimes.cn

17-nji iýunda Gazagystanyň paýtagty Astanada “Merkezi Aziýa – Hytaý” II sammiti geçiriler. Bu barada Gazagystanyň KHBS Akorda salgylanyp habar berýär. Oňa alty ýurduň döwlet Baştutanlary gatnaşar: Hytaý, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan.

Gün tertibinde – Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylýar. Taraplaryň söwda, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmek, sebitleýin howpsuzlygy berkitmek boýunça bilelikdäki çemeleşmeleri işläp düzmekligine garaşylýar.

Sammitiň öňýanynda ýokary derejeli hytaý-gazak gepleşikleri bolar. HHR-niň Başlygy Si Szinpin 16-njy iýunda iki günlük resmi sapar bilen Gazagystana barar.

Hytaýyň gatnaşyklary Merkezi Aziýa ýurtlary bilen 1992-nji ýyldan bäri, diplomatik gatnaşyklar ýola goýlandan bäri ösdürilýär. 2023-nji ýylyň maý aýynda “Hytaý – Merkezi Aziýa” formatynda birinji sammit geçirilmegi we ýolbaşçylaryň duşuşyklarynyň degişli mehanizminiň işe girizilmegi bilen olar täze itergi aldylar.

HHR sebitiň iň uly söwda hyzmatdaşy we esasy maýa goýujysy hasaplanýar. 2024-nji ýylda Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanşygynyň umumy mukdary 94,8 milliard ABŞ dollaryna deň boldy. Taraplar şeýle hem medeni hyzmatdaşlygy ösdürýär: 29-njy maýda birinji halkara syýahatçylyk otlusy Siandan sebitiň ýurtlaryna ugrady. Bu bolsa ynsanperwer ugurdaky alyş-çalşygynda täze ädim boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

22:00 Awgust 07, 2026
Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

21:00 Awgust 07, 2026
Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

19:00 Awgust 07, 2026