HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat — Gökdepe ugrunda ulag hereketine 12-nji iýundan wagtlaýyn çäklendirme giriziler

Iýun 11, 2025 | 19:30 |1195
2025-nji ýylyň 12-nji iýunyndan başlap, Aşgabat — Gökdepe awtomobil ýolunyň bir böleginde gurluşyk we gurnama işleri sebäpli ulaglaryň hereketine wagtlaýyn çäklendirme giriziler2025-nji ýylyň 12-nji iýunyndan başlap, Aşgabat — Gökdepe awtomobil ýolunyň bir böleginde gurluşyk we gurnama işleri sebäpli ulaglaryň hereketine wagtlaýyn çäklendirme giriziler
Çeşme: orient.tm

2025-nji ýylyň 12-nji iýunyndan başlap, Aşgabat — Gökdepe awtomobil ýolunyň bir böleginde gurluşyk we gurnama işleri sebäpli ulaglaryň hereketine wagtlaýyn çäklendirme giriziler. Bu barada şu günki “Türkmenistan” gazetiniň neşirinde çap edilen resmi bildirişde habar berilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komitetiniň we Arkadag şäher häkimliginiň beýanatyna laýyklykda, bu işler şäheriň binagärlik keşbini has-da gözelleşdirmek, ýol-ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak hem-de raýatlar we ýolagçylar üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen amala aşyrylýar.

Bildirişde şeýle diýilýär:

«Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ýollaryň durkuny täzeläp, raýatlara we ýolagçylara amatly, döwrebap şertleri döretmek üçin Aşgabat — Gökdepe aralygyndaky gatnawly ýolda gurluşyk-gurnama işlerini geçirmek zerurlygy ýüze çykýar. 2025-nji ýylyň 12-nji iýunyndan başlap, gurluşyk-gurnama işleri tamamlanýança, ýokarda görkezilen ýolda gatnawlaryň wagtlaýyn çäklendirilýändigini habar berýäris. Raýatlaryň bähbidine gönükdirilen bejeriş-abatlaýyş işleriniň geçirilmegi we ýollaryň durkunyň düýpli abadanlaşdyrylmagy ýolagçylar üçin ählitaraplaýyn amatlyklary üpjün eder».

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026