HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Woven City: Toyota ilkinji akylly şäheri döredýär

Iýun 12, 2025 | 15:30 |3395
Şu ýylyň güýzünde Toyota Woven City-ni açýar. Bu bolsa Fuji dagynyň eteginde ýerleşýän dünýäniñ ilkinji synag görnüşindäki akylly şäherdir. Bu innowasion taslamanyñ maksady — robotlaryñ, awtonom ulaglaryñ we emeli añyñ gündelik durmuş bilen utgaşýan aýratyn gurşawyny döretmekdirŞu ýylyň güýzünde Toyota Woven City-ni açýar. Bu bolsa Fuji dagynyň eteginde ýerleşýän dünýäniñ ilkinji synag görnüşindäki akylly şäherdir. Bu innowasion taslamanyñ maksady — robotlaryñ, awtonom ulaglaryñ we emeli añyñ gündelik durmuş bilen utgaşýan aýratyn gurşawyny döretmekdir
Çeşme: Toyota/woven-city

Şu ýylyň güýzünde Toyota Woven City-ni açýar. Bu bolsa Fuji dagynyň eteginde ýerleşýän dünýäniñ ilkinji synag görnüşindäki akylly şäherdir. Bu innowasion taslamanyñ maksady — robotlaryñ, awtonom ulaglaryñ we emeli añyñ gündelik durmuş bilen utgaşýan aýratyn gurşawyny döretmekdir.

Sidzuoka prefekturasyndaky öňki zawodyñ ýerinde gurulýan bu ýaşaýyş şäherçesi 175 akr meýdany eýeläp, geljegiň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň synag meýdançasy bolar. Ilkinji ýaşaýjylar hökmünde Toyota kompaniýasynyň takmynan 100 işgäri öz maşgalalary bilen ýerleşdiriler, soňra bu san 2000-e çenli artar.

1

Woven City-de ähli zat öňünden oýlanylyp düzülendir: hereketi e-Palette atly sürüjisiz elektrik ulaglary üpjün eder, ýollar bolsa pyýadalar, welosiped sürüjiler we robotaksi üçin aýratyn bölünendir. Binalar datçikler bilen enjamlaşdyrylandyr, energiýa wodorod ýangyç elementlerinden we gün panellerinden alnar, suw dolanyşygy we zibil dolandyryş ulgamlary iň ýokary ekologiýa derejesini üpjün etmek üçin ornaşdyrylandyr. Kömekçi robotlar we emeli anñ tehnologiýalary öý hojalygyny dolandyrar, ýaşaýjylaryň saglygyny gözegçilikde saklar we serişdeleri netijeli ulanmak üçin optimizirlär. Her bir bina we hyzmat ulgamy maglumat ýygnamak hem-de infrastrukturany ösdürmek üçin tor arkaly baglanyşdyrylandyr.

2

Häzirlikçe şäher syýahatçylar üçin ýapykdyr, emma Toyota 2026-njy ýylda Woven City-ni baryp görmek üçin açmagy meýilleşdirýär. Bütin dünýä Woven City-niň hakykata öwrülşine syn edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026