

MODEF 2025 – iň iri halkara mebel sergisi Bursa şäherinde geçiriler
14–18-nji oktýabry aralygynda Türkiýäniň Inegöl şäherinde MODEF 2025 53-nji Halkara mebel sergisi geçiriler.


14–18-nji oktýabry aralygynda Türkiýäniň Inegöl şäherinde MODEF 2025 53-nji Halkara mebel sergisi geçiriler.


Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy müşderiler üçin täze sanly ulgam bolan «Şahsy otag» ulgamynyň netijeli ulanylyşyna bagyşlanan okuw seminarynyň geçiriljekdigini habar berdi.


Ilon Mask öziniň täze sanly ensiklopediýasy Grokipedia-nyň synag görnüşindäki işe girizilişiniň indiki iki hepdäniň dowamynda boljakdygyny habar berdi.


OpenAI kompaniýasy programmirlemesiz emeli aň agentlerini döretmäge mümkinçilik berýän täze guraly — AgentKit bilen tanyşdyrdy.


7-nji oktýabrda Türkmenistanyň ilçisi A. Möwlamow Kanadanyň Pakistandaky Ýokary komissary Tarik Ali Hany mähirli kabul etdi.


Germaniýa daşary ýurtly hünärmenleriň gelmegini we işe ýerleşmegini çaltlaşdyrmak maksady bilen Work-and-Stay Agentur atly sanly agentligi işe girizmäge taýýarlanýar.


Ýewropa Komissiýasy 2025-nji ýylyň 12-nji oktýabryndan başlap, Şengen zolagynda serhet gözegçiligini tizleşdirmek we howpsuzlygy ýokarlandyrmak maksady bilen Elektron giriş-çykyş ulgamynyň (EES) güýje girýändigini mälim etdi.


7-nji oktýabrda, Azerbaýjanyň Gabala şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti geçirildi. Türkmenistan bu düzümde synçy döwlet derejesine eýedir


Horwatiýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-RadmanyňTürkmenistana amala aşyran sapary many-mazmuna baý bolan ykdysady maksatnama bilen tapawutlandy


4-6-njy oktýabr aralygynda Germaniýanyň Bielefeld şäherinde Ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça Dünýä çempionaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň okuwçylarynyň sekizisi gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdi. Bu barada “Kämil bilim” okuw merkezinde habar berdiler


7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Horwatiýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radmany kabul etdi


Däp bolşy ýaly dostlukly ýagdaýda geçirilen dialog rus Lideriniň doglan gününe gabat geldi. Türkmenistanyň Prezidenti Prezident Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk, döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdi


7-nji oktýabrda, Aşgabatda Türkmenistanyň we Horwatiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow wekiliýetiň ýolbaşçysy bolup gelen Horwatiýanyň Daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radmany kabul etdi


Tokio Daşary ýurt dilleri uniwersiteti bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň (HYYÖU) arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde HYYÖU -nyň iki talyby — Nowruz Allanazarow we Aýbölek Ataýewa — bir ýyllyk talyp alyş-çalyş maksatnamasynyň çäginde okuwlaryny dowam etdirmek üçin Ýaponiýa iberildi


3-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO klubynyň guramagynda «Parahatçylyk we ynanyşmak – umumadamzat ýörelgesi» atly halkara maslahaty geçirildi