HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Şengen zolagyna giriş 12-nji oktýabrdan sanly görnüşe geçiriler

Oktýabr 08, 2025 | 10:45 |11314
Ýewropa Komissiýasy 2025-nji ýylyň 12-nji oktýabryndan başlap, Şengen zolagynda serhet gözegçiligini tizleşdirmek we howpsuzlygy ýokarlandyrmak maksady bilen Elektron giriş-çykyş ulgamynyň (EES) güýje girýändigini mälim etdi.Ýewropa Komissiýasy 2025-nji ýylyň 12-nji oktýabryndan başlap, Şengen zolagynda serhet gözegçiligini tizleşdirmek we howpsuzlygy ýokarlandyrmak maksady bilen Elektron giriş-çykyş ulgamynyň (EES) güýje girýändigini mälim etdi.
Çeşme: nordnews.md

Ýewropa Komissiýasy 2025-nji ýylyň 12-nji oktýabryndan başlap, Şengen zolagynda serhet gözegçiligini tizleşdirmek we howpsuzlygy ýokarlandyrmak maksady bilen Elektron giriş-çykyş ulgamynyň (EES) güýje girýändigini mälim etdi.

Ulgam 29 gatnaşyjy ýurduň serhet nokatlarynda tapgyrlaýyn ornaşdyrylar we 2026-njy ýylyň 10-njy apreline çenli ähli serhet geçelgelerinde doly güýje girer. EES ulgamy ÝB-niň raýatlary bolmadyk, gysga möhletli syýahat edýän adamlaryň girmegini we çykmagyny sanly görnüşde bellige alar.

Toplanýan maglumatlaryň arasynda barmak yzy, biometrik suratlar we syýahat bilen baglanyşykly beýleki maglumatlar bar. Biometrik şablonlar Umumy Biometrik deňeşdirme ulgamynda (sBMS) saklanar, bu ulgam maglumatlaryň barlanmagyny we Wiza Maglumat Ulgamy (VIS) bilen utgaşmagyny üpjün eder.

Sanly ýazgylar üç ýyl hereket eder. Şol döwürde gaýtadan girýän ýolagçylardan diňe surat ýa-da barmak yzynyň täzelenmegi talap ediler. 12 ýaşdan kiçi çagalaryň barmak yzy alynmaz. Gysga möhletli wiza bilen syýahat edýän we maglumatlary VIS ulgamynda eýýäm bar bolan ýolagçylardan gaýtadan hasaba alyş talap edilmez.

Ýewropa Komissiýasynyň bellemegine görä, maglumatlara diňe ygtyýarly milli edaralar giriş mümkinçiligine eýe bolar we maglumatlaryň goragy doly üpjün ediler. Bu ulgam içerki howpsuzlygy ýokarlandyrmaga we serhetden awtomatiki geçişi tizleşdirmäge kömek edip, syýahatlary has ygtybarly we amatly eder.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

23:30 Awgust 18, 2026
Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

23:25 Awgust 18, 2026
GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

23:10 Awgust 18, 2026